Nurmagomedow Porýe bilen söweş üçin karýerasyny dikeltmekden ýüz öwürdi

Nurmagomedow Porýe bilen söweş üçin karýerasyny dikeltmekden ýüz öwürdi

Ýeňil agramda UFC-niň çempiony Habib Nurmagomedow amerikaly Dastin Porýe bilen söweşmek üçin karýerasyny dikeltmekden ýüz öwürdi diýip, UFC-niň ýolbaşçysy Dana Uaýt aýtdy. Bu barada tj.sputniknews.ru habar berýär.

Uaýt Porýe UFC 257 turnirinde Makgregory ýeňenden soň, Habib bilen habarlaşandygyny gürrüň berdi. Nurmagomedowyň aýtmagyna görä, ne Porýe, ne-de Makgregor oňa garşydaş bolup bilmez.

Şeýlelik bilen, Nurmagomedow karýerasynyň dowamynda MMA-da 29 söweş geçirip, ýeke gezek ýeňilmedik ýagdaýda sportdan gitdi. Ýatlap geçsek, guramanyň ýolbaşçysy Dana Uaýt karýerasyny dikeltmek teklibi bilen Nurmagomedowa eýýäm birnäçe gezek ýüz tutupdy. Bu geň däl, sebäbi ýeňilmedik Bürgüt çempion guşagyny kimdir birine geçirmeli ahyryn?!

Ýene degişli makalalar

Gysga setirlerde: 16-njy fewralda sport habarlary
Habib Nurmagomedow MMA jemgyýetçiliginden hemişelik gitdi
Garaşylmadyk habar: Habib Nurmagomedow MMA jemgyýetçiliginden hemişelik gitdi
Islam Mahaçew Çarlz Oliweýrany ýeňip, UFC-niň çempiony boldy
Mahaçew UFC-de finiş sany boýunça Oliweýranyň rekordyny täzelemek isleýär
Habib resmi taýdan UFC-niň Şöhrat zalyna girdi
Habibiň ligasyndaky türkmen türgeni çempionlygy maksat edinýär