Öňki prezidentiň Lebaba gelmegine garaşylýar

Öňki prezidentiň Lebaba gelmegine garaşylýar

Öňümizdäki günleriň dowamynda Türkmenistanyň öňki prezidenti, Milli geňeşiň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezine sapar etmegine garaşylýar. Munuň bilen baglylykda, Türkmenabatda ozalky prezidentiň geçjek ýollarynyň ugurlarynda, sol sanda döwlet işgärleriniň hem çekilmegi bilen, mejbury arassaçylyk işleri, ýowarlar geçirilýär.

“Türkmenabadyň aeroportundan uzaýan Arkadag’ köçesiniň ugry tas her gün diýen ýaly arassalanýar, ýuwulýar. Ýerli resmiler ýoluň ugrunda gumuň görünmeli däldigini aýdyp, asfalt köçäniň iki tarapyna çagyl daşlaryny düşedýärler. Şäheriň merkezinde-de, ýagny esasy ýoly kesip geçýän köçeleriň boýundaky aryklaryň haşal otlary aýrylýar, gamyşlary çapylýar.

Kranlar arkaly yşyklandyryş sütünleriniň çyralaryna çenli esgi bilen ýuwulýar.Diwarlar ak reňke boýalýar” diýip, bu mejbury ýowarlara çekilen býujetçileriň biri 2-nji iýunda habarçymyza gürrüň berdi.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli şahsyýetini aýan etmezligini soran söhbetdeşimiz, bu arassaçylyk işleriniň diňe köçeden barýan ulag arkaly görünäýjek sebitlerde geçirilýändigini, beýleki, ençeme ýyllap arassalanmadyk ýerleriň bolsa, düýbünden gözden düşürilýändigini hem belledi.

Ozalky prezidentiň Türkmenabada etjek saparynyň anyk senesi we onuň gün tertibi barada resmi maglumat ýok. Lebap welaýat we Türkmenabat şäher häkimlikleri bu maglumatlary Azatlyga aýdyňlaşdyrmakdan ýüz öwürdiler.

Şol bir wagtda, Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan Türkmenabat şäher häkimliginiň resmileriniň biri, Berdimuhamedowyň iýunyň 10-a çenli aralykda gelmegine garaşylýandygyny aýtdy.

“Biziň ýaly adaty işgärlere saparyň anyk senesi barada hiç zat aýdylmaýar.Emma polisiýa hususy awtobuslara iýunyň 5-10-y aralygynda köçelere çykmazlyk barada duýduryş berdi.Uly Berdimuhamedowyň Türkmenabadyň köpugurly hassahanasyna barjakdygy anyk, sebäbi ol sebitde has güýçli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Ony prezidentlik eden döwründe bolşy, uly şowhun bilen garşylamak hem planlaşdyrylýar” diýip, ýerli resmileriň biri 2-nji iýunda nygtady.

Soňky bir aý töweregi wagt bäri ýurduň welaýat merkezlerinde prezident Serdar Berdimuhamedowyň we onuň kakasy Gurbangulynyň mümkin saparlaryna taýýarlyk işleri görülýär.

27-nji maýda Serdar Berdimuhamedow, öňünden resmi mediada hiç hili yglan edilmezden, Daşoguz welaýatyna baran bolsa, onuň kakasy aradan dört gün geçirip, ýagny 31-nji maýda ýurduň demirgazyk welaýatynda saparda bolupdy.

Azatlygyň Mary welaýatyndaky habarçylary hem Gurbanguly Berdimuhamedowyň mümkin saparyna görülýän giň gerimli taýýarlyklar, mejbury ýowarlar barada habar berýärler.

Mundan owal, Lebapdaky habarçylarymyz ýerli emeldarlara salgylanyp, sebite Serdar Berdimuhamedowyň hem gelmeginiň mümkindigi barada habar beripdiler. Emma 1-nji iýunda ogly Kerimguly bilen Saud Arabystanyna umra zyýaratyny amala aşyrmak üçin baran prezident Serdar Berdimuhamedowyň, ýurduň gündogar welaýatyna sapar edip-etmejekdigi ýa-da bu sebite diňe uly Berdimuhamedowyň gelmegi bilen çäklenjekdigi aýdyň däl.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we döwlet media serişdeleri ýurt ýolbaşçylarynyň we resmileriniň ýurduň sebitlerine etjek saparlary barada öňünden hiç hili habar bermeýärler. Şol sebäpli ýurt resmileriniň sebitlere planlaşdyrýan saparlarynyň amala aşjakdygy ýa aşmajakdygy soňky pursada çenli nämälim bolup galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Erdogan Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed bin Selman bilen söhbetdeş boldy
Aşgabatda DÝHG-niň 38-nji mejlisi öz işini tamamlady
Aşgabat Türkmenabat awtobanynyň Tejen Mary bölegi açyldy
Mary-Aşgabat awtomobil ýolunyň ugrunda kottejler toplumynyň I tapgyry açyldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Berdimuhamedowlaryň maşgala agzalary Awaza geldi, sebitde howpsuzlyk güýçlendirildi
Mejlis prezidentiň 'şahsyýet we maşgala kultuny ýene bir gezek dabaralandyryp', onuň agtygy Kerimgulyny sylaglady