Oktýabrda Aşgabatda däp bolan halkara nebit we gaz forumy geçiriler

Oktýabrda Aşgabatda däp bolan halkara nebit we gaz forumy geçiriler

26-27-nji oktýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022 atly XXVII halkara maslahat geçiriler. “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda “GaffneyCline” britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guralýan her ýylky däp bolan maslahatda “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy guramaçylar hökmünde çykyş der. Bu barada çäräniň ogt-turkmenistan.com resmi saýtynda habar ýaýradyldy.

Bu abraýly işewürlik forumynyň geçirilmeginiň maksady Türkmenistanyň döwlet edaralary bilen halkara nebitgaz kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekden we berkitmekden ybaratdyr.Maslahatyň çäklerinde milli nebit kompaniýalarynyň, ugurdaş halkara düzümleriň, iri guramalaryň we maliýe institutlarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda tanyşdyrylyşlar hem-de iş mejlisleri geçiriler.

Halkara gatnawlara girizilen çäklendirmeler sebäpli, çäreler hem adaty hem onlaýn görnüşde guralar.Bu usul maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçy düzümi bilen geçiriljek duşuşyklarda-da ulanylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň energetika toplumy Pariždäki Halkara maýa goýum forumynda tanyşdyrylar
Türkmenistanyň döredijilik kuwwaty — halkymyzyň...
Türkmenistanyň energetika ulgamyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara roud-şou geçiriler
Aşgabatda Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2022 atly halkara forumy geçirilýär
Halkara nebitgaz forumy ýapyk Türkmenistana daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi nazarlaýar
Dubaýda OGT 2023 Halkara maýa goýum forumy öz işine başlady
Ýangyç-energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy