Okyjynyň minnetdarlygy

Beýleki neşirler bilen bir hatarda “Zaman-Türkmenistan” gazetini uly höwes bilen okaýaryn.Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän asylly içeri hem daşary syýasaty barada döwürleýin neşirler arkaly yzygiderli tanyşýarys. 40 ýyla golaý wagtlyk mugallymçylyk tejribämde döwürleýin neşirler meniň iň ýakyn hemaýatçylarym bolup gelýär. 2020-nji ýylyň birinji ýarym ýyllygyna abuna ýazylyşygynyň gyzgalaňly dowam edýän döwründe “Zaman-Türkmenistan” gazetinde çap edilýän gyzykly, geň, täsin makalalar, rowaýatlar, ylym we tehnologiýalar baradaky täze maglumatlar, medeniýet, sungat, sport, saglygy goraýyş, bilim hakynda dürli çykyşlar köp zatlardan habarly bolmaga mümkinçilik berýär.

Watan waspy, edebiýat, sport sahypalaryndaky makalalar bilen maşgalamyz bolup tanyşýarys, çagalar sahypasyndaky tapawutly suratlary, surat çekmegiň nusgalaryny, labirint çyzgylaryny, krosswordlary çagalarym, agtyklarym bilen bileje hezil edip çözýäris, tebigatymyzda gabat gelýän ösümlik, haýwanat dünýäsindäki geografik täsinlikler, eşidilmedik geň-taňlyklar baradaky habarlary okap, kino tomaşa eden ýaly syýahaty başdan geçirýärsiň.

Nargül Umarowa,Mary welaýatynyň Baýramalyşäherindäki 9-njy orta mekdebiňmugallymy.

Ýene degişli makalalar

Atym bar ganatym bar
Türkmenistan: irki prezidentlik saýlawlary türkmen režiminiň dowamatynyň’ kepilimi?
Gazagystandaky Wakalar
Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 29-njy möwsümi tamamlandy
TÝL ― 2021: Balkan derbisi Nebitçiniň myhmançylykdaky ýeňşi bilen tamamlandy
Alym 'türki hökümdarlaryň atasy hasaplanan' Alp Er Tonganyň mazaryny Buharadan tapandygyny aýdýar