“Olimpiakosdan” uly hasaply ýeňiş

UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsümi barha golaýlap gelýär.Toparçalarda çykyş etjek soňky 6 kluby kesgitleýän pleý-off tapgyrynda 2 oýunda ýer eýeleri, 2 oýunda myhmanlar ýeňiş gazandy. 2 duşuşyk hem deňlikde tamamlandy.

Mundan öňki tapgyrda “Bazeli” ýeňen LASK öz meýdançasynda “Klub Brýuggeden” Wanakeniň 10-njy minutdaky penalti goly bilen 10 asgyn geldi.Edil şonuň ýaly Praganyň “Slawiýasy” hem myhmançylykda “KFR Kluž” toparyny Masopustyň ýeke-täk goly bilen 10 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

APOEL“Aýaks” oýnunda hasap açylmady. “Ýang Boýz” bilen “Srwena Zwezdanyň” arasyndaky oýunda-da ýeňiş gazanan bolmady (22, Assale 7, Oara 76 p — Degenek 18, Garsiýa 46).Zagrebiň “Dinamosy” öz meýdançasynda Norwegiýanyň “Rosenborg” toparyny 20 hasabynda utdy.

Gollary Petkowiç (8 p) bilen Orşiç (28) derwezä girizdi. 3-nji saýlama tapgyrynda “Portony” ýaryşdan çykaryp, köpleri geň galdyran “Krasnodar” myhmançylykda “Olimpiakosdan” uly hasap bilen asgyn geldi.Soňky 12 minutda 3 gol geçiren “Olimpiakosyň” adyndan Guerrero (30), Ranželowiç (78, 86) hem-de Podens (89) tapawutlandy.

Jogap duşuşyklary 27-28-nji awgustda oýnalar.

Ýene degişli makalalar

“Bazel” PSW-ni ýaryşdan çykardy
Ýewropa ligasynda 14 topar 2-nji tapgyra çykdy
UEFA Ýewropa ligasynyň toparçalary belli boldy
24 duşuşygyň 12-sinde myhmanlar ýeňiş gazandy
“Milan” we “Benfika” 23 oýundan bäri ýeňilmän gelýär
4 topar 2-nji tapgyra çykdy