Ösümlikler sowukdan nähili goranýarlar?!

Güýz paslynyň gelmegi bilen, howa sowap, agajyň ýapraklary saralyp, düşüp başlaýar.Gyşda bolsa, diňe howa däl, ýer hem doňup, has sowuk bolýar.Eýsem, baharyň gelmegi bilen, al-elwan reňklere bürenýän ösümlikler, bu sowukdan nähili goranýarkalar?!Käbir ösümlikleriň tohumlary bişip, ýere düşýär.

Topragyň gyzmagy bilen gaýtadan ösüp çykýar.Benewşe ýaly, käbir ösümlikleriň şahasy ýere ýazylyp, topragyň ýylylygyndan peýdalanyp gyşdan çykýar.Köpýyllyk ösümlikleriň käbiriniň ýokarsy guraýan hem bolsa, köki janlylygyna galýar.

Miwesi ýeriň aşagynda bitýän kartoşka meňzeş ýabany ösümlikler topragyň aşagynda sowukdan goranýarlar.Adatça, agaçlaryň ýapragy düşýän hem bolsa, arça ýaly birnäçe pürli agaçlar sowuk howaly ýerlerde hem gyşyna-da gök öwsüp oturýarlar.

Bu agaçlaryň şahalary sähelçe agram düşeninde hem egilýär. Şeýlelikde, olaryň üstüne ýagan garyň uly bölegi şahasynyň egilendigi sebäpli, ýere gaçýar.Bu bolsa, garyň doňup, has hem agralmagy netijesinde, şahalarynyň döwülmeginiň öňüni alýar.

Gozaly agaçlaryň püründe bugarmagyň öňüni alýan ýörite madda bolup, ol agajyň sowukdan goranmagyny hem üpjün edýär. Şeýle hem bu agaçlaryň şahalary döwlen ýagdaýynda, “ýaralanan” ýerinden şepbik syzylyp çykyp, onuň doňmagynyň öňüni alýar.

Ýene degişli makalalar

Täze ýyl: Türkmenistanda göçme söwda nokatlarynyň 883-si ilata hyzmat edýär
Hökümet maslahatynda “Goza” magtaldy, ýöne pagta önümçiligindäki mejbury zähmet agzalmady
Türkmen pagta önümlerini ABŞ-da satuwa çykaran kompaniýa indi öz harytlaryny “Pakistanda öndürildi” diýen belgi bilen satýar
Türkmen pagta önümlerini ABŞ-da satuwa çykaran kompaniýa indi öz harytlaryny “Pakistanda öndürildi” diýen belgi bilen satýar
Daýhanlar hasylyň pesdigini, terezide 'haklarynyň iýilýändigini', häkimiýetleriň 'wadada tapylmaýandygyny' aýdýarlar
Iň täsin ösümlikler