Owganystanda Hakkani Toparynyň Ýolbaşçylaryndan Biri Öldürildi

Owganystanda Hakkani Toparynyň Ýolbaşçylaryndan Biri Öldürildi

Talibanyň wagtlaýyn hökümetiniň metbugat sekretary Bilal Kerimi, Twitter hasabyndan beren habarnamasynda Hakkaniniň bombaly hüjümde öldürilendigini tassyklady.

Kerimi Hakkaniniň öldürilmegi sebäpli çuňňur gynanç bildirdi.

Owgan mediasy bolsa Hakkaniniň paýtagt Kabulda ders berýän Hakkani toparyna degişli medreselerden birinde guralan kamikaze hüjüminde ýogalandygyny öňe sürdi.

Terror guramasy DAEŞ, sosial media hasaplaryndan beren habarnamasynda paýtagt Kabulde Şeýh Rahimullah Hakkana guralan kamikaze hüjüminiň jogapkärçiligini boýun alýandygyny habar berdi.

- Hakkani topary

1970-nji ýylda Jelaleddin Hakkani tarapyndan döredilen Hakkani topary, soň Owganystany basyp alan Sowet Soýuzyna garşy söweşýär.

Hakkani topary ýurduň Sowet gözegçiliginde mahalynda (1979-1989) bolan döwründe BŞ tarapyndan goldanan söweşiji müjahit toparlaryň hatarynda iş alyp barypdy. Emma topar soň Owganystana harby operasiýa guran NATO we Owganystanyň şol wagtky hökümetine garşy ýaragly göreş alyp bardy. Topar şol döwürde guralan ençeme hüjümiň meýilleşdirijisi hökmünde bilinýär.

1996-njy ýylda garşydaş mujahit toparlary ýeňip, Kabuly alan Talibana 1995-nji ýylda goşulan topar, häzirki wagtda Talibanyň esasy ýaranlaryndan biri.

Jelaleddin Hakkaniniň 2018-nji ýylda ýogalmagyndan soň ýerine häzirki wagtda Talibanyň wagtlaýyn İçeri işler ministri bolan ogly Sirajeddin Hakkani geçipdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Talibany terror guramalarynyň sanawyndan çykarmak boýunça iş alyp barýar
Owganystanda harby dikuçar ýere gaçdy
Owganystanda Sil Apaty Sebäpli 4 Adam Ýogaldy
Kabulda Daşary Işler Ministrliginiň Golaýynda Guralan Hüjümde 6 Adam Ýogaldy
Pakistanda Bolan Çaknyşykda 3 Esger Ýogaldy
Owganystanda uniwersitetler gyz talyplar bolmadan açyldy
Pakistanda Polisiýa Ulagyna Hüjüm Guraldy