Owganystanyň paýtagty Kabulyň golaýynda ýerleşýän Logar welaýatynda aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen silde 20 adam ýogaldy.
Welaýat häkimi Mewlewi Inaýatullah Şuja, metbugata beren beýannamasynda, öňňin irden başlan ýagyşlaryň siliň gelmegine sebäp bolandygyny aýtdy.
Logaryň Hoşi etrabynda sil apaty sebäpli 20 adamyň ýogalandygyny aýdan Şuja, 32 adamyň ýaralanandygyny, 4 adamyň hem ýitendigini habar berdi.
Şuja sil apaty sebäpli 3 müňden gowrak öýe zeper ýetirlendigini belledi.
Talibanyň ýolbaşçylygyndaky wagtlaýyn hökümetiň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň metbugat geňeşçisi Nesim Hakkani ýurtda soňky 1 aýda sil apaty sebäpli 165 adamyň ýogalandygyny mälim etdi.