Owganystandaky sil apatynda ýogalanlaryň sany 18 adama ýetdi

Owganystandaky sil apatynda ýogalanlaryň sany 18 adama ýetdi

Talibanyň ýolbaşçylygyndaky hökümediň Tebigy apatlara garşy göreş boýunça Döwlet ministriniň orunbasary Mewlewi Şerafeddin Müslim, ýurtda başdan geçirilýän sil apatlary barada maglumat berdi.

Müslim ýurdyň 10 aýry welaýatynda täsirli bolan aşa ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatlarynda ilkinji kesgitlemelere görä 18 adamyň ýogalandygyny, 30 adamyň bolsa ýaralanandygyny habar berdi.

Gözleg we halas ediş toparlarynyň tebigy apatyň başdan geçirilien ýerlere gönükdirilendigini aýdan Müslim, ýogalan we ýaralanan adamlaryň sanynyň artyp biljekdigini mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Indoneziýadaky ýer süýşgüninde ýogalan adamlaryň sany artdy
Mejlisiň Başlygy Şentop Kärdeşleriniň Baýramyny Gutlady
Germaniýanyň Prezidenti türk işgärleriň Germaniýany baýlaşdyrandygyny beýan etdi