TOLO TV telewideniýe kanalyna beýannama beren Kabulyň Içeri işler edarasynyň metbugat geňeşçisi Halid Zadran, Haýyrhane etrabynyň Sar-e Kotal etrapçasynda ýerleşýän Sadykiýe metjidinde düýn agşam namaz okalýan mahaly bolan partlamada çekilen adam pidalary barada maglumat berdi.
Zadran wakada 21 adamyň ýogalandygyny, 33 adamyň hem ýaralanandygyny mälim etdi.
Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok.
Talibanyň metbugat geňeşçisi Zabihullah Müjahid, şahsy Twitter hasabyndan beren beýanatynda, terrorçylykly hüjümi ýazgaryp, jogapkärleriň iň gysga wagtda tapyljakdygyny habar berdi.
Türkiýäniň Daşary işler ministrligi ady agzalan terrorçylykly hüjümde ýogalan adamlar zerarly gynanç ýüzlenmesini çap etdi.