Öýsüz haýwanlaryň awlanmagynyň’ fonunda Berdimuhamedow ýedi banky alabaý itleri jemgyýetini döretmegiň esaslandyryjysy etdi

Öýsüz haýwanlaryň awlanmagynyň’ fonunda Berdimuhamedow ýedi banky alabaý itleri jemgyýetini döretmegiň esaslandyryjysy etdi

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň ýedi bankyny Ahal welaýatynyň “Türkmen alabaý itleri” hojalyk jemgyýetini döretmäge esaslandyryjylar hökmünde gatnaşmagy belledi.Berdimuhamedow bu baradaky karara 16-njy oktýabrda gol goýdy. “Resminama laýyklykda, Merkezi banka, Döwlet ösüş bankyna, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankyna, “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankyna, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankyna, Döwlet daşary ykdysady iş bankyna, “Halkbank” döwlet täjirçilik bankyna bu hojalyk jemgyýetine her biriniň esaslyk maýadaky paýy 12,5 göterim möçberinde paýly gatnaşmagyna ygtyýar berildi” diýlip, Türkmen döwlet habarlar agentliginiň (TDH) maglumatynda aýdylýar.

Bu kararyň milli mirasy gorap saklamak, türkmen alabaý itleriniň tohumçylyk-seçgi işini ösdürmek we alabaý itlerini köpeltmek maksady bilen kabul edilendigi aýdylýar. Ýatlatsak, Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynda ýerleşýän“Türkmen alabaý itleri” hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumynyň açylyş dabarasy prezident Berdimuhamedowyň ogly, Ahal welaýatynyň häkimi Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçen aýyň 18-nde amala aşyrylypdy. “Bu täze binanyň açylmagy türkmen alabaýlaryna berilýän ünsüň neneňsi ýokary derejededigine şaýatlyk edýär” diýip, döwlet telewideniýesi Ahal welaýatynyň häkimi Serdar Berdimuhamedowyň sözlerini sitirledi. Şol bir wagtyň özünde, haýwanlaryň hukuklaryny goraýjylar we Azatlyk Radiosynyň habarçylary türkmen paýtagtynda geçirilýän “arassalaýyş işleriniň” çäginde eýesiz itleriň we pişikleriň yzygiderli hem-de uzak wagt bäri köpçülikleýin tutulýandygyny we gynalyp öldürilýändigini habar berýärler.

Sentýabr aýynyň başynda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary şäheriň 6-njy, 10-njy we 11-nji etrapçalarynda, Parahat-1, Parahat-2, Parahat-3, Parahat-4, Parahat-11 we Howdan etrapçalarynda öýsüz haýwanlary “ýok etmegiň nobatdaky tapgyrynyň başlanandygyny” gürrüň berdiler. “Itleri we pişikleri tutup, uly haltalara salyp alyp gidýärler. Şol itleriň we pişikleriň aglabasy eýýäm haltada ölýär” diýip, habarçy 18-nji sentýabrda gürrüň beripdi. Şondan bir gün soň, ýagny 19-njy sentýabrda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan Çoganlydaky angaryň bir işgäri irden sagat 8:00 töwereginde 180 çemesi itiň we pişigiň getirilendigini aýtdy. “Uly haltalardaky bu itleriň we pişikleriň ählisi ölüdi” diýip, tutulan ýa-da öldürilen öýsüz haýwanlaryň eltilýän angarynda işleýän bir işgär aýdypdy. 15-nji oktýabrda paýtagtyň 6-njy, 10-njy we 11-nji etrapçalarynda öýsüz haýwanlary tutmak we öldürmek işleriniň dowam etdirilýändigini we adamlaryň olary goramaga synanyşýandygyny, ýöne köplenç şowsuz bolýandygyny, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri gürrüň berdi.

Bu habarlaryň fonunda, Türkmenistanyň prezidenti 13-nji sentýabrda geçiren hökümet maslahatynyň ahyrynda ýene bir kitabyny - türkmeniň alabaý iti baradaky eserini ýazyp tamamlandygyny habar berdi. Şeýle-de, ol hökümet mejlisinde itleri taryplaýan täze goşgusyny hem okady.

Türkmen häkimiýetleri Aşgabatdaky öýsüz haýwanlary tutmak we öldürmek çärelerini indi 2012-nji ýyldan bäri dowam etdirýärler. Öýsüz haýwanlary tutmak işi jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleri, şol sanda köçe süpürijiler we raýat egin-eşigindäki adamlar tarapyndan amala aşyrylýar.

Bu çäreler resmi metbugatda mesele gozgalmaýar.Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Ýene degişli makalalar

Işsizlik ilat köpçüliginiň çagalaryny kadaly naharlamak we okatmak mümkinçiligini elinden alýar
Britaniýada Geçen Ýyl 1313 Öýsüz Köçede Ýogaldy
Türkmenistanda öýsüz janawerleriň ilkinji merkezi hasaba alyndy
Aşgabatda it eýeleri dokument barlagyna sezewar edilýär, itleri elinden alynýar
Aşgabadyň köçelerinde awlanan idegsiz itler nirä barýar?
Aşgabatda öýsüz jandarlary ýene zäherleýärler