Ozal bitiren işleri sorag astynda galýan hususy kärhana täze aeroport ynanyldy

Ozal bitiren işleri sorag astynda galýan hususy kärhana täze aeroport ynanyldy

Türkmenistanyň günbatar Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde täze halkara howa menzili gurulýar. Täze aeroportuň gurluşygy prezident Serdar Berdimuhamedowyň 1-nji iýulda gol çeken karary bilen “Gündogdy” hususy kärhanasyna ynanyldy. Azatlygyň çeşmeleri bu firmanyň Türkmenistanda ozal guran aeroportlarynyň yzyny çaldylar we Jebel howa menzilini gurmak baradaky tenderiň “Gündody” firmasyna berilmegini sorag astyna aldylar.

1-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” gullugyna Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde halkara howa menzilini gurmak barada “Gündogdy” hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Türkmen metbugatyna görä, “Türkmenhowaýollary” agentligi Jebel şäherçesinde täze aeroport gurmak baradaky tenderi 2021-nji ýylyň iýun aýynda yglan etdi.

Jebel aeroportunyň gurluşygy baradaky tenderiň türkmen metbugatynda çap edilmegi, “Gündogdy” hususy kärhanasynyň ýurduň gündogar sebitinde guran beýleki bir halkara aeroportynyň, Kerki halkara howa menziliniň 2021-nji ýylyň 23-nji iýunynda açylyp, ulanylmaga berilmeginiň edil yz ýanyna gabat geldi.

“Gündogdy” hususy kärhanasy 2018-nji ýylyň fewralynda Lebap welaýatynyň edara ediş merkezi bolan Türkmenabat şäherinde beýleki bir halkara howa menziliň gurluşygyny tamamlady.

Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmeleri Türkmenabat we Kerki halkara howa menzilleriniň gurluşygy bilen bagly käbir ýagdaýlara ünsi çekýärler we täze aeroportuň gurluşygynyň şol bir firma ynanylmagyny sorag astyna alýarlar.

Çeşmeler Türkmenabat halkara aeroportuna gonýan uçarlara guýulýan ýangyjyň aeroportuň ýerleşýän ýerinden 28 kilometr töweregi aradaşlykdan, Türkmenabadyň köne aeroportundan ýangyç daşaýjy ýörite ýük ulaglary bilen daşalýandygyny aýdýarlar.

2018-nji ýylda açylyp ulanylmaga berlen täze aeroportuň gurluşyk taslamasynda uçarlar üçin göz öňünde tutulan ýörite ýangyç bekedi heniz hem işe girizilmändir.

Çeşmeleriň maglumatlaryna görä, Türkmenabat howa menziline niýetlenen ýörite ýangyç bekedi aeroportdan 1 kilometr töweregi uzaklykda ýerleşýär. Ýangyç guýujy beketden aeroporta ýerasty turbalar çekilip, meýilnama görä, uçarlar şol turbalardan barýan ýangyç bilen üpjün edilmeli ekeni. Ýöne çeşmeleriň öwrenen maglumatlaryna görä, uçarlaryň şol ýerasty turbalar arkaly ýangyç bilen üpjün edilmegi üçin ýörite enjamlar, nasoslar zerur bolup durýar. Şol nasoslar entek oturdylmandyr. Şonuň üçin Türkmenabadyň aeroportuna barýan uçarlar üçin zerur bolan ýangyç ýörite ýangyç daşaýjy ýük ulaglary bilen köne aeroportdan daşalýar.

“Uçarlar üçin niýetlenen ýangyç bekedi [Türkmenabadyň täze halkara aeroportunyň] bir kilometr günortasynda ýerleşýär. Şol beketden uçar gonalgasyna ýerasty turbalar çekilipdir, ýöne turbalar arkaly ýangyjy uly basyş bilen iteklär ýaly nasoslar gurulmandyr.

Bu nasoslar daşary ýurtlardan satyn alynmaly.Olaryň bahasy gymmat.Türkmenabat aeroportynyň gurluşygy tamamlanandan soň, iki ýyl möhlet bilen garantiýasy bardy. Şol kepillik möhleti tamamlanmanka, nasoslar hem gurnalmalydy we gurluşyk doly tabşyrylmalydy. Ýöne “Gündody” firmasy Türkmenabat aeroportunyň gurluşygy doly tamamlanmanka Kerkidäki aeroportyň tenderini utdy” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýdýar.

Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Kerkide täze halkara howa menzilini gurmak baradaky karara 2019-njy ýylyň 23-nji fewralynda gol çekdi.Kerki aeroportynyň gurluşygyny 2021-nji ýylyň aprel aýynda tamamlamak göz öňünde tutulypdy. Ýöne aeroport bellenen möhletden iki aý töweregi giç ulanylmaga berildi.

Kerkiniň halkara howa menzili 2021-nji ýylyň 23-nji iýunynda ulanylmaga berildi.Howa menziliniň açylyş dabarasy uludan tutuldy.

Azatlygyň çeşmeleri özlerinde Kerki aeroportynyň hem doly taýýar däldigini görkezýän maglumatlaryň bardygyny aýdýarlar. Çeşmeler, muňa garamazdan, “Gündogdy” hususy kärhanasyna Jebel şäherçesinde täze aeroportyň gurluşygynyň ynanylmagyny sorag astyna alýarlar.

Ýerli firmanyň Türkmenabatda guran howa menziliniň gurluşygy, ilkibaşda, 2013-nji ýylda Ukrainanyň “Altkom” firmasyna ynanylypdy. Bu aeroportuň düýbüni tutmak dabarasyna 2013-nji ýylyň fewralynda Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Ukrainanyň şol wagtky prezidenti bolan ýöne 2014-nji ýylda Ukrainada tutaşan köpçülikleýin protestlerden soň ýurtdan gaçmaly bolan Wiktor Ýanukowiç gatnaşdy.

“Ukrainanyň şol wagtky prezidenti Wiktor Ýanukowiç bilen Gurbanguly Berdimuhamedow [Türkmenabat halkara howa menziliniň] düýbüni tutdy. 2014-nji ýylda Ukrainada rewolýusiýa boldy. Ýurt bulaşdy.Altkom’ bu gurluşyga başlapdy, ýöne soňuna çenli tamamlap bilmedi.

Gurluşyga zerur bolan enjamlar Ukrainadan gelmedi.Problemalar köpeldi. Şol sebäpden Altkom’ aeoporty soňuna çenli gurup, tabşyryp bilmedi.Altkom’ üç kilometr töweregi uçuş-gonuş zolagyny we baş terminalyň gurluşygynyň 40 göterim töweregini tamamlaberende aeroportuň gurluşygy “Gündogdy” hususy kärhanasyna tabşyryldy.

Altkom bilen baglaşylan şertnama bozuldy. “Gündogdy” hususy kärhanasy bu obýekti tas taýyn aldy.Sebäbi terminalyň sütünleri dikeldilipdi.Uçuş-gonuş zolagy taýyndy.Iň möhümi aeroportuň taslamasy, meýilnamasy, hemme zady taýýar edilensoň, “Gündogdy” firmasy gurluşygy dowam etdirdi” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Azatlygyň çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, Türkmenabat halkara howa menziline gonýan uçarlar üçin zerur bolan ýangyç serişdeleriniň heniz hem köne aeportuň ýerleşýän ýerinden daşalmagy dürli oňaýsyzlyklary döredýär.

“Türkmenabadyň häzirki aeportuna ýangyç köne aeroportuň çäginden, 28 kilometr uzaklykdan ýangyç daşaýjy ýörite ýük ulaglary arkaly daşalýar.Bu ýük ulaglary ýangyjy wagtynda eltmek üçin, uçarlary zerur bolan ýangyç bilen üpjün etmek üçin köp wagt sarp etmeli bolýar.

Bu dürli problemalara ýol açýar.Adatdan daşary ýagdaýlaryň ýüze çykmagy mümkin, ýa-da her hili ulag hadysalarynyň bolmagy mümkin.Uzakdan ýangyç daşalmagynyň her hili problemalara ýol açmagy mümkin.

Aeroportuň edil golaýynda 60 göterim tamamlanan ýangyç bekedi bar.Onuň işe girizilmegi diňe nasoslara bagly bolup dur” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri aýdýarlar.

Jebel şäherçesinde gurulmaly halkara howa menziliniň gurluşygyna 2022-nji ýylyň iýulynda başlap, ony 2024-nji ýylyň dekabrynda tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Azatlygyň çeşmeleri mundan ozalky halkara howa menzilleriniň gurluşygyny doly tamamlap bilmedik “Gündogdy” hususy kärhanasyna täze aeroportuň gurluşygynyň ynanylmagyna şübheli çemeleşýärler.

“Türkmenhowaýollary” täze aeroportyň gurluşygy boýunça yglan edilen tendere hödürlenen beýleki teklipler barada maglumat bermeýär.

Azatlyk Radiosy “Türkmenhowaýollary” agentliginden kommentariý alyp bilmedi.

Media maglumatlaryna görä, “Gündogdy” hususy kärhanasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekçiler birleşiginiň agzasy bolup durýar.

Mundan ozal, Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat we Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherlerindäki howa menzilleri täzelendi. Döwlet mediasyna görä, millionlarça ýolagçy geçirmäge ukyby bolan halkara aeroportlar, synçylara görä, doly kuwwatynda ulanylmaýar. Halkara aeroportly bolan Kerki şäheri ýurduň Owganystan we Özbegistan bilen serhetleşýän gündogar böleginde, 7500 töweregi ilaty bolan Jebel şäherçesi ýurduň Hazar deňzine golaý günbatar sebitinde ýerleşýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabat halkara howa menziliniň ýangyç beketleri heniz hem doly işe girizilmedi
Balkanyň çukanak-sakanak ýollary ulaglary hatardan çykarýar
Gündogdy hususy kärhanasy Jebelde (Balkan welaýaty) Halkara howa menziliniň gurluşygyna başlady.
Sekiz müňden az adam ýaşaýan Jebelde Halkara howa menziliniň gurluşygyna başlandy
Türkmen kärhanasy Jebeldäki Halkara aeroportuň gurluşygyny alyp barýar
Ozal bitiren işleri sorag astynda galýan hususy kärhana täze aeroport ynanyldy