Parahatçylygyň daragty

Parahatçylygyň daragty

Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde öz okyjylary bilen parahatçylygyň, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň gadyr-gymmaty barada giňişleýin wagyz-nesihat çäresini geçirdi.Hormatly Arkadagymyzyň alyp barýan parasatly daşary we içeri syýasatlary ýaş nesilleriň watansöýüjilikli ýaşlar bolup ýetişmeklerinde uly mekdepdir. Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda kitaphananyzyň hünärmenleri bilesigeliji okyjylarymyza kitaphanamyz bilen ýakyn aragatnaşyk saklamak maksady bilen internet saýdymyza gaýybana syýahat etmegi maslahat berdiler.

Internet sahypasynda ýerleşdirilen maglumatlar, täzelikler, fotosuratlar şeýle-de elektron kitaplar bilen çagalary ýakyndan tanyşdyrdylar.Kitap söýüji okyjylarymyz hem täze 2021-nji ýagny, Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyzy şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň bitirýän beýik işlerini wasp edýän goşgulary labyzly aýdyp berdiler.

Kitaphanamyza gelip okan ertekileriniň birnäçesini birek-birege gürrüň berdiler.Hünärmenlerimiz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.Duşuşygyň ahyrynda çagalar ýaş nesillere okamaga, öwrenmäge, kitap bilen ýakyndan dostlaşmaga şeýle-de dynç alyş möwsümlerini gyzykly hem-de şadyýan geçirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize çaga ýüreklerinden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmen atlary - türkmen halkynyň milli buýsanjy
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Bitewi elektron kitaphana ulgamy hakynda söhbetdeşlik
Eneler zeminiň zynaty
Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň milli we edebi mirasynda
Janly tebigatyň waspçysy
Kiýewdäki Magtymguly kitaphanasynyň muzeýine türkmeniň medeni gymmatlyklary gowşuryldy
Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy - paýhaslar ummany