Ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-nyň Siriýadan, Gaziantebiň Karkamyş etrabyna guran hüjüminde 1 esger şehit boldy.
Hüjümden soň terror guramasyna garşy giň gerimli operasiýa guraldy.
Gaziantebiň Karkamyş etrabynyň gündogarynda ýerleşýän Aýnularapyň günbataryndaky terrorçylar nyşana alyndy.
Operasiýada 21 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Gaziantebiň Karkamyş etrabyna we Köprübaty gümrük galasyna guralan hüjümde 1 esger şehit bolupdy, 3 esger bilen asuda ilatdan 1 adam hem ýaralanypdy.
Ekstremist terror guramasy PKK/PÝD-niň gözegçiligi astyndaky Anulara, Ýefrat derýasynyň gündogarynda ýerleşýär.