Portugaliýa 1/8 finala çykan 3-nji topar boldy

Katar 2022-de “H” toparçada Portugaliýa bilen Urugwaýyň duşuşygynda ýewropalylar 2-0 hasabynda ýeňiş gazandy.Iki topar 2018-nji ýylda-da 1/8 finalda duşuşypdy we şonda Urugwaý Luis Suaresiň gollary bilen 2-0 utupdy.

Bu gezek Portugaliýa 2-0 ýeňip, gollaryň ikisini-de 54-nji we penaltiden 90+3-nji minutlarda Bruno Fernandeş geçirdi.Onuň 1-nji goluny ilki Kristiano Ronaldonyň geçirendigi bellenildi. Ýöne düýpli seljerişden soň topa Ronaldonyň degmändigi mälim edildi we gol Bruno Fernandeşiň adyna ýazyldy.

Netijede, 2-0 hasabynda ýeňiş gazanan Portugaliýanyň ýygyndysy 1/8 finala adyny ýazdyran 3-nji topar boldy.

Gana bir ädim öňde

Günorta Koreýa bilen Gananyň ýygyndylary duşuşdy. Çekeleşikli geçen duşuşyk garşylykly gol duellosyna öwrüldi.Oýnuň 1-nji ýarymynda Gananyň ýygyndysy Muhammed Salisu (24) we Muhammed Kudusyň (34) gollary bilen 2-0 öňe saýlandy. 2-nji ýaryma erjel başlan koreýler 16 minutda hasaby deňlemegi başardy. 58-nji we 61-nji minutlarda Çžo Gýu Son kelle urgulary bilen tapawutlanyp, hasaby deňledi. Ýöne Gananyň hem bu 2 gola jogaby gijikmedi.68-nji minutda ýene-de Muhammed Kudus özüniň 2-nji, toparynyň 3-nji goluny geçirdi.

Bu gol duşuşykdaky soňky gol boldy.Galan minutlarda koreýler iň bolmanda hasaby deňlejek bolup, jan aýaman hüjüm etdiler. Ýöne bu hüjümler oňyn netijesini bermedi. Şeýlelikde, Gananyň ýygyndysy 3-2 hasabynda ýeňşini baýram etdi.

Iki toparyň hem 1/8 finala çykmak mümkinçiligi dowam edýär.

Toparçadaky 3-nji duşuşyklarda 2-nji dekabrda Portugaliýa bilen Günorta Koreýa, Gana bilenem Urugwaý duşuşar.

Ýene degişli makalalar

DÇ-2022: Portugaliýa we Braziliýa 1/8 finalda
Çempionlar Ligasynda hepdäniň iň owadan goly saýlandy
2 gezek öňe saýlanan “Ýunaýted” ýeňlişe sezewar boldy
Stambulda 6 golly duşuşyk
Super ýyldyzlar Ronaldo, Neýmar meýdança çykýar: 5-nji günüň duşuşyklary
965 million dollarlyk final we haýsy teleýaýlymlarda görkeziler