Prezident Erdogan Gün Tertibiniň Ileri Tutulýan Ugurlary Barada Beýannama Berdi

Prezident Erdogan Gün Tertibiniň Ileri Tutulýan Ugurlary Barada Beýannama Berdi

Prezident R. T. Erdogan, Türkiýäniň radio-telewideniýe guramasy TRT-ä gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi.

Yragyň Duhok welaýatynda geçen hepde ekstremist terror guramasy PKK tarapyndan guralan, 9 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjüm hakynda durup geçen Erdogan, hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna Türkiýäniň adyndan gynanç bildirdi.

Prezident Erdogan “Hüjüm terror guramasy PKK/ÝPG-PÝD tarapyndan guraldy.ABŞ-na we Russiýa terror guramasy PKK/ÝPG-PÝD tarapyndan guralýan hüjümler meselesinde ünsli bolmaklaryny isledik.Edil şonuň ýalyda Yrakly dostlarymyza hem mesele barada maglumat berdik.

Berýän beýannamalarymyza üns beriň, Türkiýäniň dostlaryna we doganlaryna garşy tutum alyp barmagy mümkin däl.Biz asla beýle hereket etmeris.Emma terror guramasy Türkiýe bilen Yragyň arasyndaky gatnaşyklara zeper ýetirmek isleýär” diýdi.

Prezident Erdogan, Yragyň Konýada geljek aý geçiriljek sport çäresine gatnaşmazlyk baradaky kararyna gynanç bildirýändigini belledi.

Ýene degişli makalalar

Siriýada terrorçylaryň basyp alyşlygy astyndaky energiýa çeşmeleri
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Erdogan Abbas bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Prezident Erdogan türki döwletlerden gelen çagalar bilen duşuşdy
Diwan edebiýatynyň soňky tanymal şahyry kabul edilýän Şeýh Galip
Spor Toto Super Liganyň 7-nji hepdesi tamamlandy
Türkiýede ýerasty şäheriň üsti açyldy