Prezident Erdgan açylyş dabarada eden çykyşynda, türk kärhanalarynyň Senegalyň infrastrukturasyna we galkynyşyna goldaw berýändigine buýsanýandygyny belläp, Senegalyň Türkiýe üçin aýratyn bir ornunyň bardygyny beýan etdi.
Erdogan: "Afrika ýurtlary bilen gatnaşyklarymyzy berkidýäris, gatnaşyklarymyzy has hem ösdürýäris. Türkiýäniň Dakar şäherindäki ilçihanasynyň kanselýariýa binasynyň düşümli bolmagyny dileýärin. Binagärçiligi bilen Türkiýe Respublikasyna gelişýän bir eseri durmuşa geçirmegiň bagtyýarlygyny başymyzdan geçirýäris" diýip mälim etdi.
Senegal bilen hyzmatdaşlygyň güýçli ýagdaýda dowam etjekdigini we söwda mukdarynyň 1 milliard dollara ýetiriljekdigini aýdan Prezident Erdogan: "Ilçihanamyz, dünýäde nusgawy ilçihanalarymyzyň biri boldy. Raýatlarymyzyň buýsanjak binalaryň biri boldy" diýip belledi.
Erdogan Afrikada ençeme taslamany durmuşa geçiren kärhana we kanselýariýa binasynyň gurluşygyny rekord derejede tamamlanmagy üçin zähmet çeken adamlara minnetdarlyk bildirdi.
