Prezident 'oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberini' tassyklady, synçylar 'sistemany üýtgetmeli' diýýär

Prezident 'oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberini' tassyklady, synçylar 'sistemany üýtgetmeli' diýýär

Türkmenistanyň prezidenti “oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberini” tassyklamak hakyndaky karara gol çekdi, TDH bu karar esasynda döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin ýörite ýer gaznasynyň dörediljekdigini, bu gaznadan hususy oba hojalyk önümlerini öndürijilere ýer bölekleriniň bölünip beriljekdigini habar berýär.

Türkmenistanda döwlet tabşyrygy esasynda esasan pagta we bugdaý, pile öndürilýär we soňky onýyllykda bu önümleriň öndürilişiniň barha pese gaçandygy, daýhançylykdan gazanç edip bilmedik adamlaryň daşary ýurtlara çykmaga barha kän ýykgyn edýändigi, obalardaky ýollaryň, köprüleriň onlarça ýyl bäri bejeriş görmeýändigi aýdylýar.

Prezident Gurbanguly Berdimunadow geçen ýyl on ýyl gowrak dowam eden “oba hojalyk özgertmeleriniň” netijesiz bolandygyny bölekleýin boýun alyp, täze oba hojalyk tekliplerini edendeýeri hususy eýeçilge uzak möhletleýin bermek ideýasyny hem goldady. Şondan soň türkmen mediasy müňlerçe gektar ýeriň hususyýetçilere uzak möhlet bilen berlendigini, ol ýerlerde ýerli bazarlar we eksport üçin oba hojalyk önümleriniň ýetişdirilýändigni habar berdi.

Emma muňa garamazdan, ýurt içinden un, ösümlik ýagy, ýumurtga ýaly önümleriň gytçylygynyň saklanyp galýandygy, güýzlük bugdaýyň ekilişinde, öňki ýyllarda bolşy ýaly, ýene gözboýagçylyga ýol berlendigi we indiki ýylam bugdaý gytçylygynyň aradan aýrylmajagy barada aladaly habarlar gelip gowuşýar.

Pagta ýygymynda bolsa mejbury zähmetiň ulanylmagynyň üstesine,býujet işgärlerinden pul ýygnap, pagta bazalaryndan pagta satyn almak kadaly bir zada öwrülýäne meňzeýär.Eýsem, oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasy, bu ýerden önüm öndürijilere ýer berilmegi ýurtda dörän oba hojalyk kynçylyklaryndan, azyk gytçylygyndan çykmaga tarap ýol açarmy?

Azatlyk bu soragy ýerli synçylaryň birnäçesine, şol sanda Şwesiýada ýaşaýan Saparmyrat Yklymowa berdi.Adynyň aýdylmazlygyny soran aşgabatly synçy entek bu gaznanyň näme peýda getirjegini aýdardan irdigini, sebäbi ýurtda hakyky oba hojalyk reformalarynyň heniz başlanmandygyny aýtmak bilen çäklendi. Şeýle-de ol, sözüni anyklaşdyryp: “zähmete hak tölenişi üýtgemese, ýagny daýhan, önüm öndüriji bazar şertlerinde, hemme zat gymmatlaýan wagtynda maşgalasyny eklär ýaly gazanç edip bilmese, Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň ýokary derejeli azzalarynyň peýda görmegi üçin-de, ýurduň prezidenti üçin-de işlemez, men indi sowetlerden gaýdan batrakçylygyň üstünlik getirjegine ynanmaýaryn” diýdi.

Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň öňki orunbasary Saparmyrat Yklymowyň pikiriçe, Türkmenistanda häzirki ýagdaýynda hiç bir oba hojalyk reformasynyň amala aşyrylmagy mümkin däl, ol munuň üçin dolandyryş ulgamyny üýtgetmek gerek diýip pikir edýär: “Sistemany düýbünden üýtgetmeseň, gowy zadam bolsa bolanok, bolmaly däl, sebäbi kanun diýlen zatiki dodagynyň arasynda bu adamlaryň...

iki dodagynyň arasyndan çykarmasaň şol kanun diýilýän zady, ýeri mugtuna ber, doly ber, iň akylly adamlar reforma etsin, tapawudy ýok, ertesi ýene şol ýagdaý bolar, öňküsinden hem erbet bolar” diýip, Yklymow aýtdy.

Onuň pikiriçe, eger-de ýurduň kanunlary bir adamyň iki dodagynyň arasynda bolsa, bu şol ýurduň şol bir adamyňkydygyny, onuň şahsy emälgidigini, başga kişiniňki däldigini aňladýar. “Bir adama hiç kimem işlemez, adamlar samsyk däl-ä” diýip, Şwesiýada ýaşaýan türkmen ykdysatçysy türkmenistanlylaryň indi bu hili işlemegiň soňunyň nämelere alyp gelýändigini otuz ýyl beri görüp, synlap oturandygyny belledi. Şeýle-de Yklymow bu sistemany, dolandyryş ulgamyny düýbünden üýtgetmegiň aňsat iş däldigine ünsi çekdi: “Düýbünden düzetmek diýen zat gaty kyn zat, her goç ýigidiň işi hem däl...

Birinjiden-ä halka düşündirip bilmersiň, [halk] düşünäýende-de daşyndakylar etdirmez” diýip, ol bu meseläniň oňyn çözülmegine Türkmenistanyň öňki sowet kökleriniň, Moskwa bilen bagly resmileriň ýol bermeýändigini öňe sürdi.Emma muňa garamazdan, prezident Berdimuhamedow anna güni öz görýän çäreleriniň ýurduň oba hojalyk pudagyny ýokary girdejili ulgama öwürmäge ýardam etmelidigini nygtady.

Bu mesele barada giňişleýin söhbeti “Hepdäniň jemi” programmayzyň indiki sanynda diňläp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Ýewropa Bileleşiginiň Gyş kubogy 2023 ýaryşynyň ýeňijileri belli boldy
Türkmenistanlylaryň agyz suwy meselesi agyrlygyna galýar
Türkmenistan aýdym-saz bilen nobatdaky pagta ýygymyna - 'mejbury zähmete' başlady
Türkmenistan BMG-nyň Boriş Şyhmyradowyň işi boýunça kararyny ýerine ýetirmeli
Azyk ýetmezçiligi prezidenti ýene adamlara 'ýer bermek meselesine' getirýär
Aşgabatlylar Mary žiwopis mekdebiniň ýaş nesliniň döredijiligi bilen tanyşdylar