Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew möhüm resminama gol çekilmegini mübäreklediler

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew möhüm resminama gol çekilmegini mübäreklediler

21-nji ýanwarda türkmen paýtagtynda Hazar deňzindäki Dostluk ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Ilham Aliýew onlaýn görnüşinde bu möhüm resminamanyň kabul edilmegini mübäreklediler.Bu resminamada gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly türkmen-azerbaýjan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesi beýan edilýär.

Gol çekmek dabarasynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramowy kabul etdi.Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Azerbaýjanyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny nygtady.

Milli Liderimiz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm resminamasyna gol çekmek üçin Aşgabada gelen Azerbaýjanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysyny mübärekläp, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda dostlukly Azerbaýjan Respublikasy bilen däp bolan gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge ygrarlydygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda hut özara ynanyşmagyň we düşünişmegiň ýokary derejesiniň hem-de taraplaryň sebitiň we dünýäniň gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça çemeleşmeleriniň we garaýyşlarynyň ýakyndygynyň köpugurly hem-de örän netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup durýandygy bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Günorta Kawkazdaky möhüm wakalar
Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Daşary Işler Ministri Berlinde Duşuşar
Azerbaýjanyň Prezidenti täze hökümetiň düzümini tassyklady
Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Daşary Işler Ministri Berlinde Duşuşdy
Ersin Tatar Ilham Aliýewe minnetdarlyk bildirdi
Prezident Erdogan Azerbaýjanyň prezidenti Aliýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Global Güýç: Türki Döwletleriň Guramasy