Rahat uky üstünligiň şerti

Agşam dokuzda ýatyp, irden ýedide turmak on sagat uklanandygyny aňlatmaýar.Sebäbi kähalatda dişimizi ýuwup, başymyzy ýassyga goýmagymyzyň yzýany uklap bolmaýar.Soňky ýyllarda köp adam ýeterlik ukusyny alyp bilmeýär.

Munuň esasy sebäbi mobil enjamlara has köp güýmenilmegi bilen baglydyr.Bilermenler mobil enjamlardaky we telewizordaky gök şöhläniň ukusyzlyga sebäp bolýandygyna ünsi çekýärler.Aslynda, gök şöhle beýleki ähli reňkli şöhleler ýaly Günüň ýagtylygynda hem bar. Şöhläniň bu görnüşi adamy has oýa saklaýar.

Ir bilen turup, tutyny açanymyzda içerik girýän Gün ýagtylygyndaky gök şöhle adamyň şähdini açýar.Gijesine Günüň batmagy bilen ukyň gelmeginiň sebäpleriniň biri hem diňe ýadawlyk däl-de, şol şöhläniň ýoklugydyr.

Emma häzirki wagtda şöhläniň ýeke-täk çeşmesi Gün däl.Telefonlar, kompýuterler hem şöhle saçyp, ýadawdygymyza garamazdan, ukymyzyň gelmegine päsgel berýär. Şol sebäpli ýatmazdan iki sagat öň telefona ýa-da telewizora güýmenmeli däldigi maslahat berilýär.

Sapaklara taýýarlanylanda we dürli kitaplar okalanda telewizory we telefony öçürmek, mümkin bolsa şolaryň bolmadyk otagynda okamak maslahat berilýär.

Adam bedeni ýaş wagty has köp uka zerurlyk duýýar. Gije ukudan galyp, islendik bir iş etmek, kitap okamak ýa-da sapaklaryňa taýýarlanmak hem garaşylan netijäni bermeýär. Okuwda öwredilenlere düşünmek we netije almak üçin gowy dynç alan bolmalysyňyz. Ukusyzlyk adamyň ýatkeşligini, aýdylanlara düşünmek ukybyny peseldýär.

Ýene degişli makalalar

25-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Deňiz kärhanasy Maryda taýýar biznesi satýar
Kelle agyrysyna tebigy bejergiler…
Aşgabadyň öýe eltip bermek hyzmaty bilen çörek bişirýän ýerleri
Aşgabatda täze “Eyvan” kafesi açyldy
Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň Prezidentine Peşewarda bolup geçen terrorçylyk zerarly gynanç bildirdi, Onlaýn taksi we Duralga ulgamlary birinji ýyllygyny bellediler, Türkmenistanyň Lebap welaýatynda täze dermanhana açyldy we beýleki habarlar
KAMAZ Türkmenistana iki sany elektrobus ýerledi, Mişustin Aşgabatdaky Puşkin adyndaky mekdebe baryp gördi, Türkmenistanda Eýranyň Medeniýet günleri geçiriler we beýleki habarlar