Raisi: Birleşen Milletler Guramasy güýçli döwletleriň guramasy bolmaly däldir

Raisi: Birleşen Milletler Guramasy güýçli döwletleriň guramasy bolmaly däldir

Prezident Aýatolla Seýid Ybraýym Raisi Birleşen Milletler Guramasynyň güýçli döwletleriň guramasy bolmaly däldigini aýtmak bilen sanksiýalar, terrorçylyk, uruş we gan dökmek birtaraplaýynlygyň netijesidir diýdi.

IRNA-nyň habaryna görä, ýerli wagt bilen duşenbe güni öýlän Birleşen Milletler Guramasynyň 77-nji Baş Assambleýasynyň sammitine gatnaşmak üçin ýokary derejeli delegasiýanyň başynda Nýu-Yorkorka baran Raisi žurnalistleriň ýygnagynda bu saparda öz meýilnamalary barada açyklama berdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti žurnalistler bilen geçiren söhbetdeşlikde bu saparda, Eýran Yslam Respublikasynyň garaýyşlaryny we pikirlerini bar bolan pursata görä düşündirjekdigini we nukdaýnazarlaryny gatnaşyjylara we bu çykyşy we habary diňleýänlere ýetirjekdigini aýtdy.

Aýatolla Raisi, uly güýçleriň tarapyndan sanksiýa taktikasyny global parahatçylyga we asudalyga garşy hasaplamak bilen şeýle global meseleler we kynçylyklar Baş Assambleýada ara alnyp maslahatlaşylmalydyr diýdi.

Eýranyň Prezidenti, terrorçylyk meselesini BMG Baş Assambleýasynda ara alnyp maslahatlaşylmaly beýleki meseleleriň biri hökmünde agzady.

Birleşen Milletler Guramasynyň 77-nji Baş Assambleýasynyň sammitine gatnaşmak üçin Eýranyň prezidenti Aýatolla Raisi ýerli wagt bilen duşenbe güni öýlän Nýu-Yorkorkdaky Jon F. Kennedi howa menziline ýokary derejeli delegasiýanyň başynda bardy.

Ýene degişli makalalar

Eýranyň Prezidenti Türkiýede Saparda Bolar
Eýranda tokaý ýangynlary başdan geçirilýär
Türkmenistan we Eýran söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi meýilleşdirýär
Eýranda Bolan Partlamalarda Ýogalanlaryň Sany 89 Adama Ýetdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
5-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy täzelikleri Turkmenportal