Kataryň emiriniň telefon jaňyna jogap edip, prezident Raisi sanksiýalary ýatyrmak baradaky gepleşiklerde Eýran Yslam Respublikasynyň aç-açan pozisiýasyny nygtady.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Aýatolla Seýid Ybraýym Raisi penşenbe güni Kataryň emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Sani tarapyndan edilen telefona jogap hökmünde Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň Eýran Yslam Respublikasynyň ýadro maksatnamasynyň elmydama aç-açan bolandygyny we hiç haçan kanuny ýoldan sowulmandygyna yşarat edip gepleşikleriň dowam edip duran wagtynda Eýran Yslam Respublikasyna garşy gaýtalanýan aýyplamalar olaryň gepleşik etabyny syýasy maksatlar bilen yzarlaýandygyny görkezýär diýdi.
Reisi, Eýran Yslam Respublikasynyň birtaraplaýyn sanksiýalary zulumly, bikanun we adalatsyz hasaplaýandygyny we hukuklaryny goramagy maksat edinýändigini aýtmak bilen bu ugurda zerur kepillikler bilen sanksiýalary doly ýatyrmak üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini aýtdy.
Ol şeýle-de uzak möhletleýin şertnamanyň sanksiýalaryň ýatyrylmagyny we esassyz aýyplamalaryň şertsiz terk edilmegini talap etýändigini aýtdy.
Gepleşigiň başga bir bölüminde Reisi Kataryň dünýä çempionatyny alyp barşyny agzady we şeýle diýdi: Eýran konstruktiw täsir etmek maksady bilen bu möhüm sport çäresini, esasanam medeni hyzmatdaşlygy, ykdysady goldawy has gowy gurnamaga taýýardygyny mälim etdi.
Bu telefon söhbetdeşliginde Kataryň emiri, Eýran Yslam Respublikasynyň bu ýurda berýän goldawyna minnetdarlyk bildirmek bilen Doha Tähranyň hukuklaryny durmuşa geçirmekde we gepleşikleri ösdürmekde, esasanam ikitaraplaýyn gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy goldaýar diýdi.