Raisi: Sanksiýalar Eýrany çäklendirmedi

Raisi: Sanksiýalar Eýrany çäklendirmedi

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Jihady herekete bil baglap, sanksiýalardan çykdyk we çäklendirmeleriň döredilmeginiň öňüni aldyk diýdi.

EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti "Seýid Ybraýym Raisi" anna güni Tähranda Jihad we ösüş meýdanlaryň halk ýygnanyşygynda eden çykyşynda Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň hemişe jihady hereketlere ünsi çekýändigini aýtmak bilen bu jihady hereketler bilen sanksiýalary ýeňmegi başardyk diýip beýan etdi.

Çykyşynyň başga bir bölüminde Raisi: Amerikalylaryň özleri iň ýokary basyşda şowsuzlyga uçrandyklaryny mälim etdiler; Bu, Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňiş we ösüş ýolundadygyny we ABŞ bolsa peselmek we gowşaklyk ýolunda durýandygyny aňladýar diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti sanksiýalaryň zyýansyzlandyrylmalydygyny aýtmak bilen Amerikalylaryň Eýran bilen ylalaşyga gelmäge taýýardyklaryny yglan edýändigine beýleki tarapdan bolsa sanksiýalaryň sanawyny artdyrýandygyna geň galýandygyny aýtdy.

Raisi sözüniň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ynanmaýandygymyzy mälim etmek bilen, dünýä bize ynanmazlyk hukugyny bermelidir, sebäbi bular şertnamalary bozýarlar diýdi.

Ýene degişli makalalar

Eýranyň Prezidenti sapar bilen Aşgabada geler
Eýranda Yslam rewolýusiýasynyň 45 ýyllygy baýram edildi
Türkmenistanda Gadymy Änew medeniýeti atly halkara ylmy maslahat geçirildi
Serdar Berdimuhamedow Eýranyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Eýranda Bolan Partlamalarda Ýogalanlaryň Sany 89 Adama Ýetdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
5-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy täzelikleri Turkmenportal