Roma Paulo Dibala bilen şertnama baglaşylandygyny yglan etdi

Roma Paulo Dibala bilen şertnama baglaşylandygyny yglan etdi

Paulo Dibala italýanlaryň Roma toparynyň oýunçysy boldy. Bu barada RIA Nowosti klubuň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.

Argentinaly oýunçy Ýuwentus bilen şertnamasy gutarandan soň, möjeklere erkin agent hökmünde goşuldy.

28 ýaşly Dibalanyň Roma bilen üç ýyllyk şertnama baglaşandygy bellenildi. Ol täze toparynda 21-nji belgidäki köýnekçede çykyş eder.

Geçen möwsüm Rim kluby Ýewropadaky üçünji derejeli ýaryş hasaplanylýan Konferensiýa ligasynyň ýeňijisi boldy.

Ýene degişli makalalar

Ispaniýanyň Sewilýa topary ýedinji gezek Ýewropa ligasynyň çempiony boldy
UEFA “Sewilýa” Ligasy
Messi we topardaşlary çempionata taýýar Argentinanyň düzümi belli edildi
Ronaldonyň hem-de Benzemanyň topardaşlary Dünýä Kubogyna gatnaşmaz
Azmundan soň ýene bir ýyldyz oýunçy Dünýä Kubogynyň daşynda galyp biler
“Roma” PSŽ-li futbolçyny transfer etdi
Türkmenistanda mikroblara garşy derman serişdelerini mahabatlandyrmak gadagan edildi, Aşgabat we Tbilisi göni howa gatnawyny açmak boýunça ylalaşyga gol çekdiler, gaz turbinalaryny abatlamak boýunça Merkezi Aziýadaky ilkinji merkez