Italiýanyň Roma futbol topary UEFA-nyň Konferensiýalar ligasynyň final duşuşygynda Niderlandlaryň Feýenoordyndan üstün çykdy. Albaniýanyň Tiran şäherindäki Arena Kombetarede geçirilen duşuşyk Romanyň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.
Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 32-nji minutda Nikolo Zaniolo geçirdi.
Şeýlelikde, portugaliýaly tälimçi Žoze Mourinýonyň Romasy bu kuboga mynasyp bolan ilkinji topar hökmünde taryha girdi. 59 ýaşly Mourinýo bolsa Ýewrokuboklaryň üçüsinem gazanan ilkinji tälimçi boldy.