Rosnedr edarasynyň başlygy Russiýanyň gaz gorlarynyň 62 ýyla ýetjekdigini habar berdi

Rosnedr edarasynyň başlygy Russiýanyň gaz gorlarynyň 62 ýyla ýetjekdigini habar berdi

Russiýanyň gazylyp alynýan nebit gorlarynyň möçberi 39 ýyla, gazy bolsa 62 ýyla ýeter. Bu barada ýurduň Rosnedr edarasynyň başlygy Ýewgeniý Petrow Rossiýskaýa gazeta neşirine beren beýanatynda gürrüň berdi.

Şu ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, biziň tehnologiki gazyp alynýan nebit gorlarymyz 39 ýyla ýeter diýip, Petrow belledi. Ol 2021-nji ýylyň aýagyndaky nyrhlaryň derejesinde satyp boljak nebitiň 33 ýyla ýetjekdigini aýdyňlaşdyrdy. Rosnedr edarasynyň ýolbaşçysy tebigy gazyň gorlarynyň bolsa 62 ýyla ýetjekdigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Russiýada togtadylan ýaragly pitnäniň Türkmenistanda döreden 'ýaňlary'
Orenburgdaky Ural derýasynyň suwy iň howply derejede ýokarlandy
Si Szinpin 20-22-nji martda Russiýada saparda bolar
Putin Demirgazyk Akym Geçirisine Guralan Sabbotažyň Döwlet Derejesindedigini Aýtdy
Ýeriň orbitasyndaky kosmos zibiliň sany belli boldy
Gazpromyň başlygy Miller: rus gazynyň Aziýa bazarynda uly geljegi bar