Ruhani: Eýranyň nanotehnologiýa pudagyndaky ösüşi buýsançlydyr

Ruhani: Eýranyň nanotehnologiýa pudagyndaky ösüşi buýsançlydyr

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Eýranyň nanotehnologiýa pudagyndaky uly we ajaýyp ösüşini buýsançly diýip atlandyrdy.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani sişenbe güni Medeniýet rewolýusiýasynyň ýokary geňeşiniň mejlisinde Eýranyň nanotehnologiýa pudagyndaky uly we täsirli mümkinçilikleri we senagat, saglyk we howa we goranmak ýaly dürli ylymlardaky ulanylyşy barada beren gürrüňlerinde häzirki wagtda Eýran Yslam Respublikasy diňe bir nanotehnologiýa pudagynda ylym we makalalar öndürmekde däl, eýsem ony durmuşa geçirmekde we möhüm pudaklara we önümlere öwürmekde-de uly üstünlik gazanandyr diýip nygtady.

Ruhani, duşmanlar tarapyndan sanksiýalaryň ulanylmagynyň import meselesinde has möhümdigini aýtmak bilen şeýle diýdi: Sanksiýalar diňe bir importda däl, eýsem eksportda-da, esasanam ýaş nesliň we Eýranly alymlaryň tagallalarynyň we bilimleriniň netijesi bolan täze tehnologiýalara azar berendir.

Ruhani, Yslam Rewolýusiýasynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň ýolbaşçylygynda sanksiýalary ýeňip geçip, dijital we bilime esaslanýan ykdysadyýet örisinde global bäsdeşlik meýdançasyna çykyp biljekdigimize umyt bildirdi.

Ýene degişli makalalar

Ali Hamaneý, Yslamy Jihad Hereketiniň Baş Sekretaryny Kabul Etdi
Türkmenistan, Eýran we Özbegistan wiza almagyň düzgünlerini ýönekeýleşdirmegi maslahatlaşarlar
Eýranda çägeli tupan başdan geçirilýär
Eýranyň Kirman şäherinde partlama boldy
Eýranda Nebiti Gaýtadan İşleýän Zawodda Ýangyn Boldy
Eýranda tälim uçary ýere gaçdy
Eýranda Terrorçylykly Hüjüm Guramak Üçin Taýarlyk Görýän Topar Tussag Edildi