Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, rus güýçleriniň ele geçiren ýerlerinden 500 müň ukrainalyny Russiýa ugradandygyny aýtdy.
Wladimir Zelenskiý, wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly Portugaliýaly parlamentarlara ýüzlenip çykyş etdi.
Zelenskiý çykyşynda “Rus basypalyjylar basyp alan ýerlerinden häzirden azyndan 500 müň raýatymyzy Russiýa ugratdy”diýdi.
Ýurtdan çykarlan ukrainalylaryň resminamalarynyň ellerinden alynandygyny we aragatnaşykdan mahrum edilendigini nygtan Zelenskiý, “Raýatlarymyz, Russiýanyň çetki etaplaryna ugradylýar” diýdi.
Wladimir Zelenskiý, söweşde 57 günde Russiýa tarapyndan ele geçirlen müňe golaý ilatly ýeri halas edendiklerini emma basyp alynan şäherleriň we etrapçalaryň sanynyň has köpdügini nygtady.
Ukrainanyň lideri “Tanklar, sowutly ulag we raketalar. Bularyň ählisi sizde bar we olar Ýewropanyň azatlygyny gorap biljek esasy zatlardan biri. Şol sebäpli hem bize ýarag we harby enjam kömeginiň berilmegi üçin ýurduňyza ýüz tutýaryn” diýdi.
Zelenskiý, Mariupol şäherinde ukrainaly esgerler bilen birlikde esasy bölegi çagalardan we zenanlardan ybarat asuda ilatdan 120 müň adamyň gabaw astyndadygyn belledi.