Russiýa, BMG-nyň Adam Huluklary Geňeşine Agzalykdan Çykaryldy

Russiýa, BMG-nyň Adam Huluklary Geňeşine Agzalykdan Çykaryldy

193 agzasly BMG-niň Baş Assambleýasy Ukrainada adam hukuklarynň gödek bozulmalary sebäpli Russiýanyň Adam hukuklary geňeşine agzalygynyň saklanmagy boýunça sese goýulşyk geçirdi.

193 agzasly BMG-niň Baş Assambleýasy Ukrainada adam hukuklarynň gödek bozulmalary sebäpli Russiýanyň Adam hukuklary geňeşine agzalygynyň saklanmagy boýunça sese goýulşyk geçirdi.

Sese goýulşykda Russiýanyň Adam hukuklary geňeşinden çykarylmagyna 93 ýurt goldaw beren bolsa, 24 ýurt garşy durdy, 58 ýurt ses bermekden saklandy.

Ukrainanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik Wekili Sergiý Kyslysýa sese goýulşykdan öň eden çykyşynda Adam hukuklary geňeşini Titanige meňzedip, geňeşiň diňe Russiýanyň agzalygynyň saklanmagy bilen halas ediljekdigini aýtdy.

Russiýanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik Wekiliniň orunbasary Gennady Kuzmin bolsa BMG-na agza ýurtlara bu başlangyja garşy durmaklary üçin çagyryş edip; “Bize garşy esassyz günäkärlemeleri ret edýäris” diýdi.

BMG-niň Adam hukuklary geňeşiniň kararlary maslahat häsýetli bolup, kanuny güýji ýok.

Ukraina krizisi barada Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Eýranyň Ukrainadaky syýasy çözgüde ünsi jemlemek isleýändigini aýtdy.

Geçen Çarşenbe güni Wengriýanyň Daşary işler ministri Piter Siarto bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdollahian ikitaraplaýyn gatnaşyklar, Wena gepleşikleri we Ukraina krizisi barada pikir alyşdy.

Ukraina krizisi barada Eýranyň Daşary işler ministri "Biz urşy we sanksiýalary ret edýäris" -diýdi.

Günbataryň Moskwanyň howpsuzlyk aladalaryna biperwaýdygyny tankytlap, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 21-nji fewralda Donbas sebitinde Donetsk we Luhansk Halk Respublikasynyň garaşsyzlygyny ykrar etdi. Üç günden soň (24-nji fewral) Putin Ukraina garşy "ýörite operasiýa" başlady we Moskwa-Kiýew gatnaşyklarynyň dartgynlaşmagyna sebäp boldy.

Ýene degişli makalalar

Russiýa, BMG-nyň Adam Huluklary Geňeşine Agzalykdan Çykaryldy
Niderlandlaryň medeniýeti
Britaniýaly dünýäde iň uzak ýaşly erkek kişi diýlip yglan edildi
Kristian Beýl iň oňat keşpleriň Di Kaprio hödürlenýändiginden nägile
iPhone üçin wiruslardan we bakteriýalardan saplanmaga ukyply çehol çykaryldy
110 ýyldan soňra surata düşürildi