Russiýa: "Erdoganyň talabyna laýyklykda Mariupoldan ynsanperwer koridor açyldy" diýdi

Russiýa: "Erdoganyň talabyna laýyklykda Mariupoldan ynsanperwer koridor açyldy" diýdi

Russiýa Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň talabyna laýyklykda Ukrainanyň Mariupol şäherindäki Ukrainaly asuda ilatyň we daşary ýurtly raýatlaryň ewakuasiýasy üçin ynsanperwer koridoryň açylandygyny habar berdi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň Telegram hasabyndan berilen beýanatda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putine bildiren talabyna laýyklykda, Mariupol şäherindäki asuda ilatyň we daşary ýurtyly raýatlaryň ewakuasiýasyna doly ýagdaýda üpjün edilmegine karar berilendigi mälim edildi.

Beýanatda 2022-nji ýylyň 3-nji aprelinde Moskwanyň wagty bilen sagat 00:00-dan başlap Mariupoldan Berdýansk ugruna tarap ynsanperwer koridoryň açylandygy, hereket ediljek ýolda sessizlik režiminiň pugta berjaý ediljekdiginiň güwä geçilendigi aýan edildi.

Beýanatda daşary ýurtly raýatlaryň Berdýanskdan isleseler Ukrainanyň gözegçiligi astyndaky sebitlere, isleseler Russiýanyň gözegçiligindäki Kryma gidip biljekdikleri aýan edildi.

Ynsanperwer koridoryň Ukraina tarapynyň hem sessizlik režimine pugta ýagdaýda gözegçilik edilmegi bilen durmuşa geçiriljekdigi bellenen beýanatda, resmi Kiýewden Moskwanyň wagty bilen sagat 03:00-a çenli ewakuasiýa taýardyklary barada ýazmaça ygtyýar talap edildi.

Ýene degişli makalalar

Ilon Mask Nobeliň parahatçylyk baýragyna hödürlendi
“Bizi we Döwletimizi Goraýandygyňyz Üçin Size Sagbolsun Aýdýaryn”
Mariupolda Asuda Ilatdan 70 Adamyň Jesedi Tapyldy
Russiýa Harby Däl Gämileriň Çykyş Üçin Ynsanperwer Geçelge Açýar
Russiýa: "Azowstal metallurgiýa zawody boşadyldy" diýdi
Russiýa-Ukraina Gepleşikleri Saklandy
Emmanuel Makron Bilen Wladimir Zelenskiý Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi