Russiýada ilkinji gezek maýmyn mama keseli hasaba alyndy

Russiýada ilkinji gezek maýmyn mama keseli hasaba alyndy

Russiýanyň Adam saglygy we sarp edijiniň hukuklaryny goramak gullugyndan berilen beýanatda, Ýewropa ýurtlarynda saparda bolan ýaş bir adamyň maýmyn mama keseline ýolugandygyny habar berdi.

Maýmyn mama keseline ýolugan adamyň karantin astyna alynandygy we keseli ýeňil ýagdýada geçirýändigi bellenen beýanatda: "Şahsyýetiň aragatnaşykda bolan adamlar kesgitlenildi we olar hem lukmançylyk taýdan gözegçilik astyna alyndylar" diýip mälim edildi.

Endemik wirusyň sebäp bolan seýrek gabat gelinýän keselleriň biri hökmünde bilinýan maýmyn mama keseli Kongo we Günbatar Afrika görnüşleri bolmak bilen 2-ä bölünýär.

Umuman alanynda haýwandan adama we seýrek hem bolsa adamdan adama ýakyn aragatnaşyk arkaly ýokýan wirus, gyzgynyň galmagyna we gijilewükli çiýşlere sebäp bolup bilýär.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň berýän habaryna görä, dünýä derejesinde şu günki güne çenli 39 ýurtda 1600-den gowrak adamda maýmyn mama keseli hasaba alyndy.

Ýewropa maýmyn mama keseli epidemiýasynyň güýç merkezi hökmünde öň hatara çykýar.

Ýene degişli makalalar

BMG Ukrainada Asuda İlatdan 10 Müň Adamyň Öldürilendigini Habar Berdi
“Azerbaýjanyň Goşunlaryna Gyýa Göz Bilen Garalmagyna Ýol Bermeris”
Billstrem: "Türkiyäniň aladalaryny çözeris" diýdi
Fransiýada polisiýa işgäri tarapyndan od açylan hüjümçi ýogaldy
ÝB-niň Russiýa garşy 10-njy sanksiýa bukjasy güýje girdi
El çarpylýan ýygnaklar, medallar 'SSSR-i ýykan däpleri dowam etdirýär'
TÄZE KITAPLAR