Russiýanyň nebit-gaz enjamlary kompaniýasy Türkmenistanda bilelikdäki önümçiligi ýola goýar

Russiýanyň nebit-gaz enjamlary kompaniýasy Türkmenistanda bilelikdäki önümçiligi ýola goýar

Çelýabinsk oblastynyň nebit-gaz enjamlaryny öndürýän “Neft-serwis” kompaniýasy Türkmenistanda öz önümçiligini ýola goýmak maksady bilen bilelikde işleşmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Bu barada TASS agentligi kompaniýanyň direktory Sergeý Şumakowyň aýdanlaryna salgylanyp sişenbe güni habar berdi.

Sergeý Şumakow öz önümlerini Türkmenistana ibermäge gyzyklanma bildirýändigini we bu ugurda degişli işleriň alnyp baryljakdygyny belläp geçdi. Şeýle hem, ol kompaniýanyň Türkmenistanda önümçilige başlamaga, ýagny bilelikdäki kärhanany döretmäge taýýardygyny belläp, onuň ýurtda täze iş orunlaryny döretjekdigini we ýerli bazarda satuw möçberini artdyrjakdygyny aýtdy.

“Neft-Serwis” kompaniýasy 20 ýyldan gowrak wagtdan bäri nebit-gaz pudagy üçin buraw enjamlaryny, guýy abatlaýyş işleri üçin enjamlaryny, telemetriýa we elektrik enjamlaryny öndürýär we üpjün edýär.

Russiýanyň Çelýabinsk oblastynyň gubernatory Alekseý Teksler duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Ýakyn Gündogar Boýunça Syýasatı Gaza Sektorunda Dartgynlyga Sebäp Bolýar
Lawrow söýgüli naharlaryny agzady
Lukaşenko Belarus üçin döwlet ideologiýasynyň gerekdigini aýtdy
Aleksandr Şirwindt aradan çykdy
Astrahan aýna zawody öz önümleriniň Türkmenistana iberilişini gaýtadan dikeltmegi meýilleşdirýär
Türkmenistanyň Gahrymany Kononenko älem giňişliginde iň köp bolmak rekordyny täzeledi
RŽD Türkmenistanda wekilhanasyny açmagy meýilleşdirýär