Russiýanyň “Sputnik V” sanjymyny saklamak boýunça talaplar üýtgedildi

Russiýanyň “Sputnik V” sanjymyny saklamak boýunça talaplar üýtgedildi

Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrligi koronawirusa garşy “Sputnik V” sanjymynyň saklanyş we daşaýyş temperaturasyny üýtgetdi, indi rugsat berilýän aralyk 2-8 gradus diýip, Saglygy goraýyş ministri Mihail Muraşkonyň beýanyna salgylanmak bilen RIA Nowosti habar berýär.

Onuň aýtmagyna görä, öndüriji bu görkezijide sanjymyň durnuklylygyny üpjün etmegi başardy.

Ýatlap geçsek, “Sputnik V” dünýäde COVID-19-a garşy ilkinji bellige alnan sanjymdyr. Onuň täsirliligi 90%-den geçýär. Derman serişdesi eýýäm Paragwaýda, Argentinada, Boliwiýada, Serbiýada, Alžirde, Palestinada, Wenesuelada, Belarusda, Türkmenistanda we Wengriýada bellige alyndy.

Ýene degişli makalalar

Kopa Amerika 2024-iň bijeleri çekildi, Argentina “A”, Braziliýa “D” toparçada çykyş eder
Braziliýanyň taryhynda ilkinji gezek
Argentina bilen Braziliýa taryhda 2-nji gezek 1 günde ýeňildiler
Kolumbiýa UNASUR guramasynyň düzümine ýaňadandan goşular
Gustawo resmi ýagdaýda Kolumbiýanyň prezidentiniň wezipesine girişdi
Bilelikde kosmos agentligini döretdiler
Amerikan Döwletleri Guramasy Ukrainany goldadylar