Russiýanyň Ukrainada söweşdirmek üçin siriýaly söweşijileri ýygnaýandygy öňe sürüldi

Russiýanyň Ukrainada söweşdirmek üçin siriýaly söweşijileri ýygnaýandygy öňe sürüldi

Amerikanyň Wall Street Journal (WSJ) gazedi, ady aýan edilmedik amerikaly ýokary derejeli resmileriň birine esaslanyp beren habarynda, resmi Moskwanyň Ukrainadaky söweşiň barşyny üýtgetjek täze usullaryň gözlegindedigi mälim edildi.

Gazede beýanat beren ABŞ-ly 4 resmi, ýurdyň paýtagty Kiýew başda bolmak bilen Ukrainada şäheriň içinde söweşleriň başdan geçirilmeginiň ähtimallygy sebäpli Russiýanyň ol ýerlere goşmaça ýagdaýda Siriýadan daşary ýurtly söweşijileri ýygnaýandygy öňe sürüldi.

Habarda Russiýanyň Siriýada şäheriň içindäki söweşlerde tejribesi bolan söweşijileri esasan hem Kiýew başda bolmak bilen ýygnaýandygy we şol adamlary kesgitlenen aýlyklara laýyklykda çäkli ýagdaýda ylalaşyk teklip edendigi aýan edildi.

ABŞ-ly resmiler häzirki wagta çenli Siriýada näçe söweşijiniň üýşürilendigi ýa-da şol adamlaryň haçan Ukraina ugradyljakdygy bilen bagly maglumatlaryň entek anyklanmandygyny beýan etdiler.

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý dünýäniň tapawutly ýurtlaryndan 16 müňden gowrak daşary ýurtly söweşijiniň Ukrainanyň hatarynda durup söweşmek üçin ýüz tutandygyny mälim edipdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Gazadaky tunellere deňiz suwuny guýmagy meýilleşdirýändigi öňe sürüldi
1 trillion dollarlyk bina
ABŞ-da Uolt Disneýiň mülk ýeri satuwa çykaryldy
ABŞ-da Wolt Disneýiň mülk ýeri satuwa çykaryldy
WSJ: Ýewropa rus gazy üçin Aziýa bilen bäsleşmeli bolar
Genri Kissinjer: ABŞ Russiýa we Hytaý bilen söweşiň bosagasynda
Moskwa Gazagystanyň kömegi bilen sanksiýalardan sowulmak isleýärmi? Merkezi Aziýa Russiýadan ýüz öwürýärmi?