“Rysgal Kompýuter” dükanyna täze harytlaryň köp mukdary geldi

“Rysgal Kompýuter” dükanyna täze harytlaryň köp mukdary geldi

Hytaýyň “Dahua Technology” kompaniýasynyň resmi dilleri “Rysgal Kompýuter”, arzan bahadan köp sanly täze önümleriň gelendigini habar berdi. Müşderilere wideo gözegçilik ulgamlaryny, 19-dan 43 dýuýma çenli dürli ululykdaky monitorlary, şeýle hem kompýuterler we olar üçin esbaplary hödürleýär.

“Dahua Technology” wideo gözegçilik we sanly hasaba alyş toplumlary şeýle-de elektron habar beriş gurluşlary boýunça öňdebaryjydyr.Geçen ýylyň noýabr aýynda ulanylmaga berlen 16-njy tapgyra degişli täze binalardaky otaglar “Dahua” kompaniýasynyň akylly domofonlary bilen enjamlaşdyrylandyr. “Dahua Technology”-nyň resmi dilleri we satyjysy “Rysgal Kompýuter”-iň ýurduň ähli welaýat merkezlerinde şahamçalary bar.

Kompaniýanyň dükanlaryndan dürli tor enjamlaryny satyn alyp bilersiňiz: routerler, kod (patç) panelleri, internet paýlaýjylary , şeýle hem web kameralar, elektron gulplar we ş.m.

Ýene degişli makalalar

Balkan zawody täze gury ýük gämileri üçin IMO belgileri aldy
Dünýä ummanyndaky plastik çökündi üç esse artdy
Çip önümçiligini artdyrar
Tehnologik ösüşleriň iň uly sergisi
Baýraktar TB2 2023-nji Ýylyň Täze Eýýam Tehnologiýalaryndan Biri
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
ABŞ-da hytaýly içaly 8 ýyl azatlykdan mahrum edildi