Saçlar näme üçin düşýär?

Bilermenleriň aýtmagyna görä, saçyň her tary 4-6 ýyl saklanyp, soňra düşýär. Bir günüň dowamynda saçyň 50-100 tarynyň düşmegi adaty ýagdaý hasaplanýar. Şu aşakdakylar saçlaryň adatdakysyndan çalt düşmegine sebäp bolýar:

1. Nesil yzarlama: Esasan hem, erkeklerde saç düşmeginiň nesil yzarlaýandygyny görmek bolýar. Genler arkaly geçýän garmonlar saçyň düşmegine sebäp bolýar. Irki ýaşlarda alnan bejergiler saçyň düşmeginiň ýygylygyny azaldýar.

2. Deri: Deri keselleri saçyň düşmegine sebäp bolýan esasy ýagdaýlaryň biridir. Saçyň derisine kesel ýokuşan halatynda saçlaryň düýbi gowşap, düşmäge başlaýar. Dogry bejergi alnan ýagdaýynda saç düşmegini bes eder. Munuň üçin deri keselleri lukmanlaryna ýüz tutmak maslahat berilýär.

3. Iýmitlenmek: Saç hem bedenimiziň beýleki öýjükleri ýaly janly organizmdir. Şol sebäpden hem saçyň yzygiderli iýmitlenmegi wajypdyr. Dogry iýmitlenmedik ýagdaýymyzda ýa-da uzak wagtlap aç gezenimizde düşýän saç tarlarynyň sany köpeler. Munuň bejergisi örän aňsatdyr: dogry iýmitlenmeli.

4. Witaminler: Dogry iýmitlenseňiz hem saçlaryňyz düşýän bolsa, gerekli witaminleri kabul etmelisiňiz. B12 we D witaminleri, şeýle hem düzüminde demir köp bolan iýmitleri iýmelisiňiz.

5. Stres: Saçlar gündelik ýaşaýyşda bolup geçýän üýtgeşmelerden çalt täsirlenýär. Ýokary stres saç düşmegine sebäp bolýan faktorlaryň biridir. Saçyňyz adatdakydan köp düşüp başlan bolsa, ilki bilen durmuşyňyzdaky göwnüçökgünligi ýeňip geçmegiň ugruny tapyň. Eger şondan soňra hem saçyňyzyň düşmegi dowam etse, deri keselleri lukmanlaryna ýüz tutuň!

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda rus dili: Täze meýiller, köne tejribeler (1-nji bölüm)
Kim, haçan oýlap tapdy? Çap ediji enjam
Mirasdüşerler serialy Emmi üçin nominasiýalaryň sany boýunça lider boldy
Han Möhletinden Irki Saýlawlar Boýunça Çagyryş Edýär
“At diýmerin saňa, gardaş diýerin...”
ABŞ-nyň Döwlet departamenti: Türkmenistanda “erkin, adalatly we bäsleşikli saýlaw ulgamy” üpjün edilmedi
MST-niň saýlaw netijelerini yglan etmegine garaşylýar