Şäherara awtobuslaryň petekleri onlaýn satylýar

Awtobus peteklerini “Awtomobil ulag hyzmaty” AGPJ-niň resmi web-saýty ýa-da Android gurluşly ykjam enjamlar üçin niýetlenen programmasy arkaly onlaýn satyn almak gaýtadan ýola goýuldy.

Ýolagçy görkezilýän menýudan gitmekçi bolýan ugruny, senesini we wagtyny saýlamaly. Şeýle-de şol ýerde talap edilýän maglumatlaryň ählisini jikme-jik doldurmaly we telefon belgisini görkezmeli. Ýol petegini satyn alyjy hasaplaşyk amalyny ýerine ýetirenden soň, gysga wagtyň içinde elektron petegiň eýesi bolar.

Ýolagçylar bilet satyn almazdan ozal, soňky 72 sagadyň dowamynda COVID-19-a barlagdan geçip, negatiw netijäni alandygyny tassyklaýan şahadatnamany, koronawirusa garşy üç waksinany hem alandygy baradaky resminamany, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan syýahat üçin berlen rugsatnamany almalydyrlar.

Soraglar üçin telefon belgileri: +99312443535, +99312443531, +99312443532, +99312443533, 082.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstünden Owganystana we Eýrana däne eksport etmäge gyzyklanma bildirýär
Aşgabat-Arçman-Aşgabat awtobus gatnawlarynyň tertibi täzelendi
Awtomobil ulag hyzmaty tejribeli awtobus sürüjilerini işe çagyrýar
RDÝ-niň wekili Moskwa Aşgabat ýolagçy gatnawyny täzeden ýola goýmagyň tarapdary
“Abadan haly” halylaryň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýdy
KAMAZ AGPJ Türkmenistanyň edara-kärhanalaryny tirkeg ulaglarynyň isleg bildirilýän görnüşleri bilen üpjün edýär
“Türkmenaragatnaşyk” we “LS telcom AG” hyzmatdaşlyk boýunça Ähtnama gol çekdiler