Sahara çölüne soňky 40 ýylda altynjy gezek gar ýagdy

Sahara çölüne soňky 40 ýylda altynjy gezek gar ýagdy

Alžiriň "Çöl derwezesi" ady bilen tanalýan Aýn-Sefra şäherine gar ýagdy. Suratçylar bu seýrek hadysany surata düşürip ýetişdiler. Bu barada mir24.tv habar berdi.

Sahara çöli Afrika yklymynyň demirgazygynda ýerleşip, ol dünýäde iň uly çöl hasaplanylýar.Soňky döwürde çölüň her ýyl günorta tarap 6-10 kilometr giňelýändigine gözegçilik edilýär.Bu hadysa sebitde soňky 40 ýylda eýýäm altynjy gezek gaýtalanýar.

Beýle ýagdaý iň soňky gezek 2020-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda bolupdy. Şonda 40 santimetre çenli ygal düşdi.Afrika garlarynyň birnäçe sagadyň içinde eremegine garamazdan, şäherde ulag hereketi bölekleýin togtadyldy. 30 minut dowam eden iň uly gar 1979-njy ýylyň fewral aýynda Aýn-Sefra ýagypdy.

Mundan başga-da, gar 2005, 2012 we 2016-njy ýyllarda ýagypdy.

Ýene degişli makalalar

Marokkoda bolan dört aýry partlamada bir adam ýogaldy
Serdar Azmun Türkmenistana garşy oýna gatnaşmak üçin Eýranyň ýygyndysyna çagyryldy
Toý toýlanýar medeniýetiň şanyna
Dünýädäki täsin ýaşaýyş ýerleri
Ýerasty gowaklarda gyzgyn suw saklanar
Türkmenistanda 2022-nji ýylda önümçilik desgalarynyň 20 sanysy işe girizildi
Terrorçy Hamiýet Ýalçynkaýa Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi