Samarkantda ŞHG-niň sammiti geçirilýär

Düýn 15-nji sentýabrda Özbegistanyň Samarkant şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammiti öz işine başlady.Bu sammit 2019-njy ýyldan bäri ilkinji gezek birnäçe ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ýüzbe-ýüz ýagdaýda geçirilýär. ŞHG-niň sammitine Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewden başga-da Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerif, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon gatnaşýar.

Sammitiň dowamynda taraplar ŞHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de güýçlendirmek üçin ileri tutulýan meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar hem-de halkara we sebit meseleleri barada pikir alyşýarlar.Sammitiň dowamynda ŞHG-ä agza ýurtlaryň ýolbaşçylary töwekgelçiliklere we kynçylyklara garşy göreşmek, howpsuzlygy, durnuklylygy we ösüşi ilerletmek üçin täze pikirleri we çäreleri ara alyp maslahatlaşýarlar.

Maslahatyň dowamynda ykdysady we söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, ulag we aragatnaşyk gatnaşyklaryny giňeltmäge aýratyn üns berýärler.Sammitde Özbegistanyň ŞHG-ä başlyklyk eden döwründe guramanyň halkara abraýyny güýçlendirip, sanly üýtgeşmeleri we ýaşyl ykdysadyýeti ösdürendigi bellenildi.Sammite synçy döwletleriň Baştutanlary hökmünde, Belarusuň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh gatnaşýar. ŞHG-niň sammitine Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow myhman hökmünde gatnaşýar.ŞHG 2001-nji ýylda döredilen halkara gurama bolup, Hindistan, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan, Pakistan we Özbegistan onuň agzalarydyr.

Synçy ýurtlar Owganystan, Belarus, Eýran we Mongoliýa, hyzmatdaş ýurtlar Azerbaýjan, Ermenistan, Kamboja, Nepal, Türkiýe we Şri-Lanka.Sammitde Eýranyň ŞHG-äniň doly agzasy bolmagyna ýol açýan ylalaşyga gol çekildi. Şeýle-de, Belarusuň gurama doly agza bolmak baradaky arzasynyň kabul edilmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Eýran ŞHG-niň agzasy bolar
Eýran ŞHG-niň doly agzasy boldy
Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň sammitine gatnaşdy
Özara bähbitli, köpugurly hyzmatdaşlyk giňeldilýär
Serdar Berdimuhamedow ŞHG-a agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
ŞHG-ä agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisi geçirildi