Sankt-Peterburgda türkmen nakgaşlarynyň işleriniň sergisi guraldy

6-njy dekabrda Sankt-Peterburgyň Milletler öýünde Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp türkmen nakgaşlarynyň işleriniň sergisi açyldy.Ekspozisiýa däplerdir täzeçillikler sazlaşykly utgaşýan milli nedeniýetiň dürli röwüşli tilsimlere baý stilistikasyny görkezýär. Çäräni Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer assosiasiýasynyň bölümi bolan Sankt-Peterburgyň Mekan türkmen medeniýeti Jemgyýeti Sankt-Peterburgyň milletara gatnaşyklary we migrasiýa syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça Komitetiniň goldamagynda Sankt-Peterburgyň Milletler öýi bilen bilelikde gurady.

Sankt-Peterburgyň Hökümetiniň wekilleri, şäheriň milli-medeni birleşikleriniň liderleri, Sankt-Peterburgyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary açylyş dabarasynyň myhmanlary boldular.Sankt-Peterburgyň Milletler öýüniň direktory Ýelena Kuznesowa Mekan türkmen medeniýeti Jemgyýetiniň adyndan medeniýetleriň gatnaşygyny ösdürmäge goşan köpýyllyk goşandy üçin minnetdarlyk haty gowşuryldy. Öz gezeginde, şäheriň Hökümeti jemgyýetçilik guramasynyň türkmen halkynyň taryhyny we häzirki gazananlaryny wagyz etmekde alyp barýan uly möçberli işini belledi.

Sankt-Peterburgyň Beýik Pýotr adyndaky politehniki uniwersitetiniň we Sankt-Peterburgyň oba hojalyk uniwersitetiniň hormatly myhmanlar hökmünde çagyrylan wekilleri türkmen talyplarynyň türkmen medeniýetini wagyz edip, Peterburgyň medeni durmuşyna işjeň gatnaşýandyklaryny bellediler.

Milletler öýüniň Ýaşyl zalynda guralan sergide türkmen halkynyň medeni mirasyna we däp-dessurlaryna, şeýle hem ýurduň iň täze taryhynyň şanly senelerine bagyşlanan žiwopis suratlary, amaly-haşam sungaty eserleri we kitaplar görkezildi.

Bagtyýarlyk türkmen talyplary Geňeşiniň işjeňleri küştdepdi tansyny ýerine ýetirdiler. Çäräniň dabaraly bölegi tamamlanandan soň myhmanlar baýamçylyk saçagyna çagyryldylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde Türkmen alabaýy ynamyň we wepalylygyň nusgasy atly sergisi geçirildi
Türkmen gimnastikaçysy Dominika Reýmeriň “Singapore Open” ýaryşynda gazanan bäş medaly
Elguşly aw etmegiň däpleri we häzirki döwri
Natalýa Kalugina: durmuş ýörelgesine öwrülen ylmy we döredijilik gözlegi
26.04.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisine gatnaşdy