Saud Arabystany koronawirus bilen bagly çäklendirmeleri ýatyrdy

Saud Arabystany koronawirus bilen bagly çäklendirmeleri ýatyrdy

Saud Arabystanynyň hökümeti koronawirus pandemiýasy bilen bagly girizilen çäklendirmeleri ýatyrýar. Bu barada duşenbe güni ýurduň Içeri işler ministrligine salgylanyp, SPA habarlar gullugy habar berdi diýip, TASS ýazýar.

Patyşalykda epidemiologik ýagdaýa edilen gözegçiligiň, kesele garşy öňüni alyş çäreleriniň geçirilişiniň, sanjym etmek we ilatyň immun ulgamynyň ýokary görkezijileri boýunça milli kampaniýanyň gazanan ösüşiniň netijelerine garalyp, şeýle çözgüde gelindi.

Indi musulmanlaryň keramatly ýerlerinden — Mekgedäki uly metjitden we Muhammet pygamberiň Medinedäki metjidinden beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde örtük geýmek talap edilmeýär.Dürli desgalara, köpçülik çärelerine barlanda, jemgyýetçilik ulagyna münülende, şeýle hem awiauçuşlarda sertifikatlary görkezmek hem-de ekspress-testleri tabşyrmak ýatyrylýar.

Patyşalygyň daşyna — daşary ýurtlara gidilende üçünji buster sanjymy mundan beýläk sanjym almaga degişli toparyň ähli adamlaryna öňki alan sanjymyndan üç aý geçensoň däl-de, sekiz aý geçensoň edilýär.

Ýene degişli makalalar

Bukingem köşgi Patyşa Karl III aradan çykandygy barada habary ýalana çykardy
Prezident Erdoganyň Saud Arabystanyna Sapary Metbugatda Giň Seslenme Döretdi
Meteožurnal: Owganystanlylar Türkmenistanyň serhet ýaka sebitlerinde bikanun mal bakýar
Türkmenhowaýollarynyň uçary Jiddada garşylandy
Astrahan aýna zawody öz önümleriniň Türkmenistana iberilişini gaýtadan dikeltmegi meýilleşdirýär
RŽD Türkmenistanda wekilhanasyny açmagy meýilleşdirýär
Ilon Maskyň Neuralink kompaniýasy ilkinji gezek adam beýnisine implant girizdi