Saud Arabystany ykdysady ugruny üýtgeder

Saud Arabystany ykdysady ugruny üýtgeder

Saud Arabystanynyň maýa goýum ministri Halid al-Falih öz ýurdunyň ykdysady dünýägaraýşyny baýlaşdyryp, ünsüni diňe nebitde jemlemejekdigini aýtdy.

Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýad şäherinde geçirilen G20 sammitinde Saud Arabystanynyň maýa goýum ministri Halid al-Falih çykyş etmeklik bilen, öz ýurdunyň täze ykdysady sebitleri döretmeklik we Saud Arabystanynyň önümçiligini ýokarlandyrmaklyk arkaly halkynyň ykdysady ünsüni diňe nebitde jemlemejekdidini, köptaraply ykdysady ösüşe gönükdirjekdigini nygtady.

Saud Arabystanynyň “Vision 2023” taslamasynyň örän meşhurdygyny mälim eden al-Falih, öz ýurdunyň ykdysadyýetiň haýsy ugurlaryna ünsi jemleýändigi barada maglumat bermedi.

Saud Arabystanynyň Energetika ministri Abdulaziz bin Salman al Saud bolsa hökümetiň dekarbonlaşdyrylan nebit pudagyny goşmaklyk bilen, az zyňyndyly ykdysadyýete geçjekdigini mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Saud Arabystanyna Bardy
Ýewraziýa döwletlerinde başdan geçirlen soňky wakalar
6-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Serdar Berdimuhamedowyň Saud Arabystanyna iş sapary tamamlandy
Saud Arabystany Sudana Ýardam Konferensiýasyna Ýer Eýeçiligini Eder
Jidda şäherinde Aýlag döwletleriniň hyzmatdaşlyk Geňeşi — Merkezi Aziýa sammiti geçiriler
Erdoganyň Aýlaý Sebitine Döwlet Sapary