Serdar Berdimuhamedow Halk hakydasy ýadygärlikler toplumyna gül goýdy

Serdar Berdimuhamedow Halk hakydasy ýadygärlikler toplumyna gül goýdy

Şu gün ― Hatyra gününde türkmenistanlylar 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen ýatlaýarlar. Halk hakydasy ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu barada Türkmenistan gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow 1948-nji ýylyň ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamak üçin Ruhy tagzym ýadygärligine, faşizme garşy söweşlerde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hem-de Watanymyzyň erkinligi ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen Milletiň ogullary we Baky şöhrat ýadygärlikleriniň etegine gül çemenini goýdy.

Döwlet Baştutanynyň göreldesine eýerip, Milli Geňeşiň palatalarynyň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi gül desselerini goýdular. Olara syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, hormatly ýaşululardyr talyplar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem goşuldylar.

1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilýän gijedäki elhenç tebigy betbagtçylyk bir pursadyň içinde Aşgabady we onuň töwereklerini weýran etdi, ildeşlerimiziň müňlerçesiniň ömür tanapyny kesip, maşgalalara öwezini dolup bolmajak ýitgileri getirdi.

Bu gün halkymyz Watanymyzyň Garaşsyzlygy ugrundaky göreşde duşmanyň agdyklyk edýän güýjüne mertlerçe gaýtawul beren merdana esgerlerimiziň gaýduwsyzlygynyň öňünde baş egýär.Ildeşlerimiziň müňlerçesi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda gaýtalanmajak mertlik, harby borja ygrarlylyk, mähriban topragymyza çäksiz söýgi görkezdiler.

Soňra Halk hakydasy ýadygärlikler toplumynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny we söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary ýatlap, sadaka berildi.​

Ýene degişli makalalar

Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
Diňle: Türkmenistanlylar tapgyr 10-njy ýyl Hatyra gününi resmi däl görnüşde ýatladylar
Numan Kurtulmuş Hojaly Gyrgynçylygynyň Gurbanlaryny Hatyralady
Türkmenistanlylar tapgyr 10-njy ýyl Hatyra gününi resmi däl görnüşde ýatladylar
"Broadway. Dowamy”. Keýt Bass we Aarun Ýang türkmen tomaşaçylarynyň öňünde çykyş etdiler
6-njy oktýabr Hatyra güni
Diňle: Häkimiýetler pagta ýygymynda mejbury zähmetden peýdalanylmagyny täze belentliklere çykarýar’