Serdar Berdimuhamedow Katarda resmi saparda bolar

Serdar Berdimuhamedow Katarda resmi saparda bolar

Şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Katar Döwletine boljak resmi saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, daşary işler ministri öz hasabatynda Katar Döwletine boljak resmi sapara taýýarlyk görmek bilen bagly toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny nygtap, degişli maksatnamany döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Katar Döwleti bilen hyzmatdaşlygynyň dostluk däpleriniň, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleriniň esasynda ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini belledi. Şeýle-de wise-premýere, daşary işler ministrine Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda uly ähmiýete eýe bolan resmi sapara ýokary derejede taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wekiliýeti “AADHGMerkezi Aziýa” Strategik dialogyň Ministrler duşuşygyna gatnaşdy
Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
Daşary Işler Ministri Fidan Gollandiýada Saparda Bolýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiye energiýa taýdan baý ýurtlar üçin näme sebäpli möhüm?
Türkmen wekiliýeti AADHG + MA Strategik dialogyň Ikinji ministrler duşuşygyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi