Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidentini kabul etdi

Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidentini kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaýy kabul etdi.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, myhman döwlet Baştutanyna Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gutlag hatyny hem-de özi üçin amatly pursatda Türkiýe Respublikasyna sapar bilen gelip görmäge iberen çakylygyny gowşurdy.

Duşuşykda türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljekki ugurlary boýunça pikir alşyldy, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegi, ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegini, hyzmatdaşlygyň täze, möhüm ugurlarynyň kesgitlenmegini we bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini esasy ugur edinýän Hökümetara toparyň işine möhüm ornuň degişlidigi bellenildi.

Däp bolan dostlukly döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de özara bähbitli, uzak möhletleýin esasda ösdüriljekdigine hem-de anyk many-mazmun bilen onuň üstüniň ýetiriljekdigine ynam bildirildi

Ýene degişli makalalar

Berdinyýaz Rejepmedowyň Konsert dialogy
Oktaý Bolgar Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Fuat Oktaý Taýlandyň Daşary işler ministri Don Pramudwinai bilen duşuşdy
Soňky bir ýylda Türkiye-Türkmenistan gatnaşyklary
Fuat Oktaý "Ganly Roždestwo" hadysalarynda şehit bolanlary hatyralap geçdi
Prezident Erdogan Türkiyä gaýdyp geldi
Soňky bir ýylda Türkiye-Türkmenistan gatnaşyklary