Serdar Berdimuhamedow Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda çykyş etdi

Serdar Berdimuhamedow Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda çykyş etdi

1-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Mekan köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi. Bilimler we talyp ýaşlar gününde guralýan bu forum mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň özboluşly badalgasy boldy.

Ýaşlar forumyna gatnaşyjylar, ilki bilen, bu ýerde guralan göçme sergä aýlanyp gördüler. Ýaşlar guramasynyň ýurdumyzyň şäherleriniň hem-de welaýatlarynyň derejesindäki düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen gurultaýyň gün tertibine guramanyň öňünde durýan möhüm meseleler, täze taryhy döwürde döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşiniň tapgyrlary hem-de birnäçe guramaçylyk meseleleri girizildi.

Forumyň gün tertibi tassyklanylandan soňra, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ý.Öwezberdiýew geçen gurultaýdan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada çykyş etdi.Hasabatda Ýaşlar guramasynyň 2019 — 2022-nji ýyllarda dürli ugurlar boýunça alyp baran işleriniň maglumatlary beýan edildi.

VII gurultaýyň mejlisiniň dowamynda oňa gatnaşyjylar guramaçylyk meselesine garadylar. Şunlukda, guramanyň täze ýolbaşçylary ― Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesine Ýazpolat Keriýew, başlygyň orunbasary wezipesine Döwletgeldi Durdymuhammedow saýlanyldy.

Arakesmeden soň, gurultaýyň işine Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.Döwlet Baştutany ilki ýörite guralan göçme sergä aýlanyp gördi.Soňra hormatly Prezidentden ýaşlar forumynyň wekilleriniň adyndan gurultaýda çykyş edip bermegi haýyş edildi.

Döwlet Baştutany çykyşynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň eýeleýän orny, ýaşlar barada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, bu babatda milli kanunçylygy kämilleşdirmek bilen bagly meselelere aýratyn ünsi çekdi. Şeýle-de ýaşlary watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýeläp ýetişdirmekde netijeli işleri alyp barýan Ýaşlar guramasynyň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi.

Ýene degişli makalalar

Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi
Türkmenistanyň Ýaşlar guramasyna täze ýolbaşçy saýlanyldy
Türkmenistanyň Prezidenti ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlary we jemgyýetçilik guramalarynyň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
11.09.2019 | Milli Liderimiz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýyna gatnaşdy
Ýaşlar — berkarar Watanymyzyň geljegi