Şewket Mirziýoýew Kasam Edip Wezipesine Başlady

Şewket Mirziýoýew Kasam Edip Wezipesine Başlady

Özbegistanda 24-nji oktýabrda geçirlen prezident saýlawynyň ýeňijisi Şewket Mirziýoýew kasam edip wezipesine başlady.

Mirziýoýew üçin Özbegistanyň Parlamentiniň aşakky ganady Kanun çykaryş mejlisinde we ýokarky ganady Senatda ýörite dabara geçirildi.

Dabara hökümet agzalary, döwlet eýeçiligindäki edaradyr kärhanalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly diplomatlar we žurnalistler gatnaşdy.

Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew, dabarada eden çykyşynda prezident saýlawynda jemi 16 million 212 müň 343 saýlawçynyň ses berendigini we saýlawa bolan gatnaşygyň 80,4 göterimdigini ýatlatdy.

Saýlawda 5 dalaşgäriň bäsleşendigini aýdan Nizamhojaýew, Liberal demokrat partiýanyň dalaşgari Şewket Mirziýoýewiň sesleriň 80,12 göterimini alyp ýaňadandan prezizentlige saýlanandygyny belledi.

Kasam edişlik dabarasyndan soň çykyş eden Mirziýoýew, ýaňadandan prezidentlige saýlanandygy üçin halkyna sagbolsun aýtdy.

Mirziýoýew “Özbegistanyň Prezidenti hökmünde sýalanmagymy, täze Özbegistanyň gurulmagy baradaky syýasatymyzyň takdyr edilmegi hökmünde kabul edýärin” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Şawkat Mirziýoýew Gaýtadan Prezidentlige Saýlandy
Özbegistanda geçirlen prezident saýlawy
Zenanlaryň sungat dilindäki söhbedi
Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegi
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar
28.10.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda