Seýrek duş gelýän ýönekeý ösümlik

Gibraltar Smolewkasy göräýmäge ýönekeýje güljagaz. Ol uly gunçalary bilen göze ilmeýär. Gülgüne, gyrmyzy reňki ýatladýar. Bäş sany uzaldylan ýürek şekilli gültäç ýapraklary bar. Emma bütin owadanlygy onuň ýönekeýligidir. Ol adamlaryň gözüniň alnynda ösmeýär. Diňe uly daglara dyrmaşyp bilýän alpenistler bu täsin ösümligi görüp bilýärler.

Gibraltar Smolewkasyny dünýä ýüzünden ýok boldy diýip pikir edýärdiler.Ol hakynda diňe onlarça ýyl mundan ozal düşürilen suratlar saklanyp galypdy.Emma 1994-nji ýylda ökde alpenist ýeke-täk galan smolewkany tapypdyr.

Botaniklere ol gülüň tohumyny almak başartdy we olar müňýyllyk tohum çüýşesinde saklanýar.Bu ösümligi ýer ýüzünde saklamak üçin, ony Londonyň Korollygynda we Gibraltar botaniki baglarynda ösdürip ýetişdirýärler.

Bahar Gazakowa,Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

Ýene degişli makalalar

Husiler ABŞ-na Degişli Gämini Nyşana Aldy
Bu gezek Powetkin ýeňildi
Dillian Uaýt Powetkini nokauta gidirip, dünýäniň wagtlaýyn çempiony boldy
Daşary ýurt metbugatyna syn
DÇ-2022-niň Ýewropa boýunça saýlama ýaryşynyň bijeleri çekildi
Dünýä çempionaty ― 2022-niň UEFA boýunça saýlama duşuşyklarynyň bijeleri çekildi