Söwda nokatlary hususylaşdyrylar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurtda bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, ykdysadyýetde hususy eýeçiligiň paýyny ýokarlandyrmak, kiçi we orta işewürligi ösdürmäge ýardam bermek hem-de söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini has-da netijeli guramak maksady bilen, Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakyndaky Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine satylmagy bellenen degişli söwda dükanlaryny, restorany we söwda öýüni olaryň işiniň esasy ugurlaryny we iş ýerlerini saklap galmak şertinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna bellenen tertipde göni (salgyly) satmak arkaly hususylaşdyrmak tabşyryldy.

The post Söwda nokatlary hususylaşdyrylar appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki 42 desga satuwa çykarylýar
Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki desgalaryň 42-si satuwa çykarylýar
Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki 47 desga satuwa çykarylýar
Zaman Türkmenistan PDF 2023-09-22
Daşoguz şäherinde 80-den gowrak täze ýaşaýyş jaýy gurulýar
Zaman Türkmenistan PDF 2023-09-15
Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki 48 desga satuwa çykarylýar