Sözi manysy bilen öwreneliň!

Emgek ekinde galmaz.

Emgek azap, çekilen horluk, siňdirilen yhlas diýen manylary aňladýar.

Bu nakyl zähmet bilen bagly bolup, topragyň çekilen azaby, siňdirilen yhlasy jogapsyz miwesiz goýmajagy, yhlas bilen atylan her bir dänäniň müň boljagy aýdylýar we zähmetsöýerlik, jepakeşlik ündelýär.

Topragyň jomartlygy hakynda pederlerimizden bize galan başga-da birnäçe dürdäne setirler bar:

Ýykylsaň, ýere ýapyş.

Ýer bakany bakar, bakmadygy ýykar.

Ýer doýmasa, är doýmaz.

Ýer daýhany dabanyndan tanar…

The post Sözi manysy bilen öwreneliň! appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki 42 desga satuwa çykarylýar
Zaman Türkmenistan PDF 2023-09-29
Zaman Türkmenistan PDF 2023-09-22
Daşoguz şäherinde 80-den gowrak täze ýaşaýyş jaýy gurulýar
Zaman Türkmenistan PDF 2023-09-15
Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki 48 desga satuwa çykarylýar
Zaman Türkmenistan PDF formatynda 2023-08-25